TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

18-NJI MAÝ – TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI

Mukaddes döwlet nyşanlarymyz  bolan Konstitusiýamyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň gününiň baýramçylygy raýatlarymyzyň belent watançylyk ruhunda terbiýelenmegine, jemgyýetimiziň has-da jebisleşmegine, milletimiziň  döredijilik ylhamynyň  joşmagyna uly täsir edýär. Bu  şanly baýramçylyk   türkmen halkynyň mizemez jebisligini, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni biziň milli guwanjymyzyň hem-de dünýä ýaň salýan mertebämiziň ajaýyp baýramçylygydyr. Hut şonuň üçin-de Türkmenistanda bu baýrama çuňňur sarpa goýulýar.

Türkmenistan döwletiniň öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basan Bagtyýarlyk zamanynda Baş  kanunymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak, döwletiň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk esaslaryny pugtalandyrmak, Watanymyzyň abraýyny ýokarlandyrmak üçin iň ygtybarly hukuk binýady bolup durýar. Ýurdumyz ýaşyl Baýdagyň astynda öz täze taryhyny döredýär, ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan hem-de Garaşsyz ösüşiň täze usulyny işjeň ulanýan döwlet hökmünde dünýä ýüzünde ykrar edilýär.