TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

DEMOKRATIK SAÝLAWLARDA ÝAŞLARYŇ SYÝASY IŞJEŇLIGI

Türkmen jemgyýetiniň ygtybarly hereketlendiriji güýji saýylýan  ýaşlar döwletimiziň bagtyýar geljeginiň kepilidir. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzdaky ornuna örän uly ähmiýet berilýär.

 Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen jemgyýetiniň bu işjeň gatlagynyň durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän her bir jemgyýetçilik-syýasy çärelerinde ýaşlaryň işjeňliginiň aýdyň ýüze çykmagyna giň mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwerlikden we demokratik ýörelgelerden ugur alýan başlangyçlary esasynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň syýasy işjeňliginiň artmagyna berilýän ünsüň has-da ýokarlanandygyny nygtamak zerurdyr.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň geljekki ösüşleriniň ygtybarly kepili bolan ýaşlaryň bu gün syýasy çärelere has işjeň gatnaşmaklarynyň örän uly  ähmiýeti bardyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde amala aşyrylýan beýleki syýasy işler bilen birlikde, ýaşlaryň möhüm syýasy çäre bolan saýlawlara-da işjeň gatnaşýandyklary aýratyn bellärlikli wakadyr. Çünki, saýlawlar jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy guralydyr hem-de  jemgyýetiň saýlaw hukukly raýatlarynyň ählisiniň saýlamak we saýlanmak hukuklaryny kepillendirýän, olaryň bu hukuklarynyň kanunçylykda bellenilen tertipde amala aşyrylmagyny üpjün edýän ählumumy çäredir.

Her bir geçirilýän täze saýlawlarda oňa jemgyýetiň on sekiz ýaşy dolan – saýlaw hukugyna eýe bolan täze ýaş nesilleri goşulýar. Ýaşlaryň saýlaw uçastogyna gelip, ilkinji gezek ses bermekleriniň özi, birinjiden, jemgyýetiň has-da demokratiýalaşýandygyna şaýatlyk edýär. Beýleki bir tarapdan bolsa, olaryň ilkinji syýasy ädimi ätmek bilen, döwleti dolandyrmaga gatnaşmak ukyplarynyň kämilleşýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 3-nji maddasyna laýyklykda,  saýlawlarda ses bermek hukugyna eýe bolmaklyk üçin, Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlar gününe çenli on sekiz ýaşynyň dolan bolmagy kesgitlenilendir.

Ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça hasaba alnan on sekiz ýaşyny dolduryp, ilkinji gezek ses bermäge gatnaşmak hukugyna eýe bolan ýaş saýlawçylaryň umumy sany 62645-e deň boldy.

Ýaş nesliň saýlawlara işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak üçin, döwletiň syýasy durmuşynda olaryň hut öz sesleriniň uly ähmiýetiniň bardygyna düşünmekleri zerurdyr. Ýaşlaryň saýlaw möwsümine tutanýerli goşant goşmaklaryny üpjün etmek bilen bagly mesele bolsa saýlawlary guraýjylara degişli bolup durýar. Has takygy, ýaş we geljekki saýlawçylar bilen guramaçylykly işlemek saýlaw toparlarynyň esasy maksatlarynyň biridir.

Şu nukdaýnazardan, saýlaw uçastoklaryna gelip, ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylara sowgatlaryň gowşurylmagy indi ýurdumyzda özboluşly däbe öwrüldi. Bu bolsa olaryň öz sesleriniň ýurduň ösüşi babatynda wajypdygyna düşünmeklerine ýardam edýär. Ýurdumyzyň ýaşlary diňe bir ses bermek işlerine däl-de, eýsem saýlaw möwsüminiň beýleki taýýarlyk işlerine-de guramaçylykly gatnaşýarlar. Ýaşlaryň saýlawlara işjeň we içgin gatnaşmaklaryny üpjün etmek üçin eýsem nähili çäreler geçirilip bilner? Olaryň syýasy işjeňliginiň, tejribesiniň artmagyny gazanmak üçin haýsy işleri geçirmek ýerlikli bolar?!

Hut şu maksat bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan dürli derejedäki saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller hödürlenilýär, milli synçylar bellenilýär. Elbetde, saýlaw toparlarynyň düzüminde Ýaşlar guramasynyň hödürlän wekilleriniň bolmagy ýa-da milli synçylarynyň saýlawlaryň geçirilişine syn etmekleri ýaş nesliň wekilleriniň saýlaw ulgamynyň işine işjeň gatnaşýandyklarynyň mysalydyr. Geçen saýlawlarda toplanan maglumatlar munuň aýdyň subutnamasydyr.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlar boýunça syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan hödürlenilip, welaýat saýlaw toparlarynda bellige alnan milli synçylaryň umumy sany 4072-ä deň boldy. Şolardan 525-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan bellenilen milli synçylardyr. Milli synçylaryň umumy sanynyň 28 göterime golaýynyň otuz ýaşa çenli bolan saýlaw hukukly raýatlardygyna ser salanyňda, ýaşlarymyzyň saýlawlara syn etmek işlerine näderejede işjeň gatnaşýandyklaryny görmek bolýar.

Şeýle hem 2014-nji ýylda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň jemi sany 16472-ä deň bolup, şolaryň 15 göterime golaýynyň, 2016-njy ýylda döredilen welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň jemi sany 66-a deň bolup, şolaryň 1,5 göterimden gowragynyň hem-de etrap, şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň jemi sany 761-e deň bolup, şolaryň 11 göterime golaýynyň, 2018-nji ýylda döredilen okrug saýlaw toparlarynyň agzalarynyň jemi sany 1375-e deň bolup, şolaryň 16 göterime golaýynyň hem-de etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň agzalarynyň jemi sany 4241-e deň bolup, şolaryň 14 göterime golaýynyň otuz ýaşa çenli bolan raýatlarymyzdygy bolsa ýene-de bir gezek saýlaw hukukly ýaş nesliň saýlaw işlerine içgin we giň gerimde gatnaşýandygyny doly aýdyňlygy bilen görkezýär hem-de olaryň syýasy işlere uýgunlaşmagy babatynda oňyn işleriň durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 4-siniň, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 93-siniň, okrug saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 201-siniň, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 391-siniň Ýaşlar guramalary tarapyndan hödürlenilendigi barada hem durup geçmek ýerlikli bolsa gerek.

Aslynda ýaşlaryň saýlaw möwsümine höwesjeň gatnaşmagy bu çäräniň demokratik ýörelgeleriniň amala aşyrylmagyna we jemgyýetçilik köpçüliginiň saýlawlara bolan ynamynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şunuň bilen baglylykda ýaşlaryň saýlawlara bolan gyzyklanmalaryny gazanmak üçin eýýäm orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýarkalar, olara saýlawlar hakyndaky kanunçylygyň käbir esasy düzgünleri barada düşünje berip başlamak zerur bolup durýar.

Saýlaw ulgamy barada düşünje bermek arkaly olaryň saýlawlar hakyndaky kanunçylygyň käbir düzgünlerini bilmeklerini we bu işlere höweslenmeklerini gazanyp bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de, bu işler ýaş nesliň döwletimiziň raýatlarynyň geljekde nähili derejede ýaşajakdygynyň gönüden-göni özlerine bagly bolup durýandygyna düşünmeklerine itergi berýär.

Ýurdumyzyň özbaşdak, meýletin jemgyýetçilik birleşigi bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna ilatyň 14 – 37 ýaşa çenli aralykdaky böleginiň wekilleri agzalyga kabul edilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda,  Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär bolmaklyk üçin saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşyň we halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgär bolmaklyk üçin saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşyň dolan bolmaklygy şertlendirilendir.

Bu mysallary getirmeklik bilen biz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň we şol wekilçilikli edaralara saýlanylanlaryň arasynda ýaş nesliň wekilleriniň sanynyň näderejededigine ünsi çekmekçi bolýarys.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlar boýunça bellige alnan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleriň 284-siniň 4 göterime golaýynyň, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 489-synyň 8 göterimden gowragynyň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2570-siniň 12 göterime golaýynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň bolsa 13215-siniň 13 göterimden gowragynyň, şeýle-de, şol saýlawlaryň netijeleri boýunça wekilçilikli edaralara saýlanylan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 125-siniň 4 göteriminiň,  welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň 240-synyň 9 göterimden gowragynyň; etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň 1200-siniň 10 göterime golaýynyň we Geňeşleriň agzalarynyň bolsa 5900-siniň 11 göterime golaýynyň otuz ýaşa çenli bolan ýaş nesillerdigi olaryň saýlawlara we döwleti dolandyrmaga işjeň gatnaşýandyklaryny äşgär edýär. Bu bolsa, geçirilen saýlawlarda ýaş nesliň syýasy ukyplylyk derejesiniň hakykat ýüzünde doly kämilleşendigini görkezdi.

Biz häzir hil düzümler boýunça diňe 30 ýaşa çenli bolan maglumatlar barada durup geçdik. Ýöne, milli synçylaryň, saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, dalaşgärleriň we wekilçilikli edaralara saýlanylanlaryň ýaşy boýunça hil düzümleri seljerilende 30 ýaşa, 30-dan 40 ýaşa çenli we ondan ýokary hem birnäçe ýaş aýratynlyklary boýunça bölünýär. Diýmek, öňde hem belläp geçişimiz ýaly Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ilatyň 14 ýaşdan 37 ýaşa çenli aralykdaky bölegini öz agzalygyna kabul edip bilýän bolsa, onda 30-dan 40 ýaşa çenli hil düzümiň arasynda hem 37 ýaşa çenli raýatlaryň köpdügini belläp geçmelidiris.

Munuň özi, Milli Liderimiziň ynsanperwer we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde hakykatdan hem ýaş nesliň halkara derejesinde kämilleşip, biziň jemgyýetimizde aňyýet babatynda mynasyp ösüşe eýedigini subut edýär.

Aslynda, kämil aň-düşünjeli, hünärli bolmak biziň ata-babalarymyzyň, şol sanda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem öňe sürýän ündewleriniň biridir.

Hünärli bolmak babatda türkmeniň paýhas ummany saýylýan Magtymguly Pyragy:

Dünýe görmän tümgün galsaň bir künçde,

Badypaý deý ýer ýüzüne ýeldim tut.

Çyn-Maçynda, Rumda, Hindde, Hebeşde,

Bolan-bolmuş hünärleri bildim tut.

- diýip, örän jaýdar belläpdir.

Arkadag Prezidentimiziň «Paýhas çeşmesi» atly pähim-parasada ýugrulan ajaýyp kitabyndaky «Alym bolsaň, älem seniňki» diýlen dana jümlesi hem ýaş nesliň ylymly-bilimli, hünärli raýatlar bolmagyny öňe sürýändigini äşgär edýär.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara saýlaw hukukly ýaşlaryň hem işjeň gatnaşmaklary biziň syýasy durmuşymyzdaky gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant bolýar hem-de saýlawlaryň aýanlykda, açyklykda we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýändigini, Türkmenistanyň halkara derejesinde ykrar edilen demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny doly görkezýär.

 

Amangeldi GANDYMOW,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi.