TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLARYŇ AÝANLYGY WE MILLI SYNÇYLAR

Häzirkizaman dünýäsinde saýlawlaryň we sala salşyklaryň geçirilişine syn etmek jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň kemala gelmeginde we adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şonuň bilen birlikde hem saýlawlara halkara derejesinde syn edilmegine has köp ünsüň berilýändigine garamazdan, saýlawlara ýerli derejede hem syn etmegiň wajyplygy ykrar edildi.

Saýlawlara ýerli derejede syn etmeklik saýlawlaryň milli kanunçylyklara, halkara kadalaryna laýyklykda we aýanlykda amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Şeýle-de, ýerli synçylar toparlary tarapyndan saýlawlaryň geçirilişine syn etmeklik işleri käbir kanunçylyk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, haýsydyr bir saýlawlarda ýol berlen käbir düzgün bozulmalaryň indiki saýlawlarda gaýtalanmazlygy we jemgyýetçilik köpçüliginiň saýlawlaryň adalatlylyk ýörelgeleri esasynda geçirilýändigine bolan ynamyny artdyrmak babatynda hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde saýlaw ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda döwletiň demokratik esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetiniň ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ösüşe we kämillige badalga berýän ählihalk saýlawlary giň bäsleşik esasynda geçirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde saýlawlaryň geçirilişine syn etmegiň demokratik ýörelgelerini halkara kadalaryna laýyklykda has-da berkitmek arkaly, jemgyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagyny gazanmak milli synçylaryň esasy üns berýän taraplarynyň birine öwrüldi.

Saýlawlara syn etmegiň baş maksady raýatlaryň saýlaw hukugyny goramaga we ýaýbaňlandyrmaga, ýurdumyzda saýlawlary demokratik derejede geçirmek boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlara syn etmegi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dalaşgärleriň ynanylan adamlary, milli synçylar, daşary ýurtlaryň, halkara guramalarynyň synçylary amala aşyryp bilerler.

Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, kazylardan, prokurorlardan, saýlaw toparlarynyň agzalaryndan, dalaşgärlerden, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryndan başga saýlaw hukugy bar bolan Türkmenistanyň raýaty milli synçy bolup biler.

Milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişlidir.

Milli synçylary bellemegi syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri öz ýerli guramalarynyň mejlislerinde, raýatlar toparlary öz ýygnaklarynda, dalaşgärler bolsa bellige alnandan soň amala aşyrýarlar.

Milli synçylary bellemek işlerine saýlaw möwsüminiň başlanandygy yglan edilen gününden girişilip bilinýär.

Milli synçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Merkezi saýlaw topary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary bellige alýar.

Milli synçylaryň hukuklary olaryň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar.

Her saýlawlar boýunça bellige alnan milli synçylaryň hil düzümibaradaky maglumatlar düzülýär. Şonuň esasynda olaryň içinde dürli ýaşdaky, dürli bilim derejesindäki, dürli ulgamlarda işleýän raýatlaryň bardygyny hem-de dürli milletleriň wekilleridigini we jynsy aýratynlygyny görmek bolýar.

Milli synçylyga bellenilýän saýlaw hukukly raýatlaryň düzüminde gender deňligine hem aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzda saýlawlary geçirmegiň demokratik ýörelgeleriniň berjaý edilýändigini we zenanlarymyzyň syýasy işjeňliginiň derejesini görkezýär.

Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçirilen saýlawlar boýunça saýlawlaryň aýanlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlaryň toparlary we dalaşgärler tarapyndan milli synçylaryň jemi 357-si degişli welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary tarapyndan bellige alnyp, olar saýlawlaryň geçirilişine syn etdiler.

Bu bellige alnan milli synçylaryň hil düzümi barada aýdylanda:

milli synçylaryň 357-siniň 220-si erkek adamlar, 137-si zenan maşgalalar bolup durýar;

şeýle-de ýaşy boýunça: 30 ýaşa çenlisi 99, 30-40 ýaşa çenlisi 91, 40-50 ýaşa çenlisi 88, 50-den ýokarysy 79 sany;

bilimi boýunça: ýokary bilimli 175, ýörite orta bilimli 143, orta bilimli 39 sany;

işleýän ulgamy boýunça: 10-sy senagat, gurluşyk, 1-si ulag we aragatnaşyk, 30-sy oba we suw hojalyk, 97-si ylym, bilim, 20-si medeniýet we sungat, 22-si saglygy goraýyş, 2-si durmuş üpjünçiligi, 8-si maliýe we ykdysadyýet, 167-si bolsa ýurdumyzyň beýleki ulgamlarynda zähmet çekýän adamlar;

milleti boýunça: 339-synyň türkmen, 18-siniň özbek milletlerdigini görmek bolýar.

Bu bellige alnan milli synçylaryň 68-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 25-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy,     35-si Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 60-sy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, 23-si Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 44-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, 29-sy raýatlar toparlary, 73-si dalaşgärler tarapyndan bellenilendir.

Türkmenistanyň milli kanunçylyk namalaryna we kadalaryna laýyklykda, milli synçylaryň alyp barmaly işlerine ýardam bermek maksady bilen, Merkezi saýlaw topary tarapyndan milli synçylar üçin ýörite ýatlama işlenilip taýýarlanylýar. Şeýle-de, saýlaw möwsüminde olar bilen usuly okuw maslahatlary geçirilip, olaryň saýlawlara syn etmek işleriniň düzgünleri, ygtyýarlyklary we hukuklary, şonuň bilen birlikde hem saýlawlara syn etmegiň halkara tejribeleri barada hem düşündirişler berilýär.

Milli synçylar saýlawlara taýýarlyk görlüşi we olaryň geçirilişi baradaky belliklerini we jemleýji pikirlerini saýlaw uçastogyndaky “Saýlawçylaryň we synçylaryň teklipleri” žurnalynda ýazýarlar.

Şeýle-de, şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilen saýlawlara syn etmek işleriniň netijeleri jemlenilende, jemgyýetçiligiň-halkyň wekillerinden ybarat bolan milli synçylaryň saýlaw möwsümi boýunça jemleýji maglumatlary we pikirleri esasynda, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuna laýyklykda, demokratik ýörelgeler we bäsleşik esasynda guramaçylykly geçirilendigi hakynda Merkezi saýlaw toparyna ykrarnama berendiklerini aýratyn nygtamak zerurdyr.

Mundan başga-da, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlarda Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynyň onlarçasynda ýörite wideo kameralar gurnalyp, online düzgüninde saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly saýtynda ilata görkezildi we oňa ýüz-müňlerçe raýat seretdi.

Munuň özi, saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk şertleriniň has ýaýbaňlanýandygyny görkezmek bilen, ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlara diňe bir türkmen jemgyýetçiliginiň däl-de, eýsem bütin dünýä jemgyýetçiliginiň syn etmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär.

Bu aýdylanlaryň hemmesi ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik esaslarda, halkara kadalaryna, milli kanunçylyklarymyza laýyklykda, tutuş adamzat jemgyýetçiliginiň gözegçiliginde, adalatly geçirilýändigini, şonuň bilen birlikde hem ýurdumyzda milli synçylaryň kämil derejeli ulgamynyň, başga söz bilen aýdanyňda, olaryň institutynyň emele gelendigini, şeýle hem Türkmenistanyň halkara derejesinde borçlanýan demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny äşgär edýär.

 

Maksatmyrat GELDIÝEW,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni, Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzasy.