TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

27-NJI IÝUN — MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI

Biziň ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär.  Munuň özi Bitarap Türkmenistanda medeniýete we sungata, şeýle-de  Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasyna, çuň pelsepewi dünýäsine, çeper döredijiliginiň  güýjüne goýulýan uly hormatdan nyşandyr. Öz eserleri bilen gaýtalanmajak ruhy bitewüligiň emele gelmegine ýardam beren  Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň bitewi millet hökmünde gutarnykly kemala gelmegine uly goşant goşan şahyrdyr. Egsilmez akyl-paýhas ummanyna öwrülen  Magtymgulynyň eserleri  türkmeniň milli medeniýetiniň, edebiýatynyň we sungatynyň  binýatlyk sütünleriniň  biri  bolup hyzmat edýär.

Halkymyzyň umumymilli şahyry  saýylýan Magtymguly Pyragy külli ynsan kowmunyň ruhy genji-hazynasynyň  baýlaşmagyna, aňyýetiniň kämilleşmegine hem ägirt uly goşant goşan şahyrdyr. Dünýäniň halklary türkmenleriň iň gowy häsiýetleri, baý adamkärçilik sypatlary bilen Magtymguly Pyragynyň şygyrlary arkaly has ýakyndan  tanşyp bilýärler.  Mundan başga-da, olar beýik akyldaryň  eserlerinden  daşymyzy gurşap alan tebigat bilen,   jemgyýet bilen nähili sazlaşykda ýaşamalydygyny  görüp bilýärler. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi  türkmeniň halk hakydasynyň üznüksizliginiň, dowamat-dowamlylygynyň üpjün edilmegine  ýardam edipdir.

Birnäçe  ýüz ýyl bäri türkmen halkynyň adyny, mertebesini dünýä  dabaralandyryp gelýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň  dür dänelerine öwrülip giden parasatly setirleriniň ähmiýeti gün-günden artýar. Hut şonuň üçin hem dürli yklymlaryň meşhur alymlarydyr edebiýatçylary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ürç edip öwrenýärler. Bu bolsa Magtymguly Pyragynyň meşhurlygynyň ýylsaýyn has artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigini Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramçylygynda nygtamak örän ýakymlydyr.