TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

MILLI LIDER WE DEMOKRATIK JEMGYÝET

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde üçünji müňýyllykda biziň ýurdumyz Ýer ýüzüniň  ösen  senagatly ýurtlarynyň birine öwrüldi.

Türkmen jemgyýetinde has kämil demokratik özgertmeleriň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz pederlerimizden miras galan demokratik gymmatlyklara — ýörelgelere pugta eýerip, Watanymyzy bagtyýarlyk mekanyna öwürýär.

Gözel Diýarymyzy asudalygyň, bagtyýarlygyň, abadançylygyň mekanyna öwürmek, eziz Watanymyzda obadyr ak şäherleri bina etmek, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokary dünýä ölçeglerine ýetirmek Gahryman Arkadagymyzyň baş maksatlarynyň biridir.

Milli Liderimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde  türkmeniň baky sarsmaz döwletiniň binýatlyk esaslary öňküden-de has berkidilýär, onuň ykdysady kuwwaty artdyrylýar, senagatda we oba hojalygynda, telekeçilikde ýokary zähmet öndürijiligi gazanylýar, bäsleşige ukyply türkmen harytlary halkara bazarlaryna öňküden  has köp çykarylýar, ylmyň we bilimiň, medeniýetiň, ynsanperwer ulgamyň ösüşine giň ýol açýan ähli şertler döredilýär. Milletimiziň baý ruhy we medeni mirasyna esaslanmak arkaly, türkmen halkynyň dünýäde dörediji we gurujy, oýlap tapyjy halka öwrülmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygy has-da berkidilip, bu ugurdaky  kanunçylyk  döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Mundan başga-da, raýatlarymyz üçin lukmançylyk hyzmatlary ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede üpjün edilýär, saglyk öýlerini, saglygy goraýyş merkezlerini, hassahanalary, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini gurmak yzygiderli dowam etdirilýär.  Ýurdumyzda ekerançylyk ýerlerimiziň melioratiw ýagdaýy gowulandyrylyp, pederlerimiziň ýörelgelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň suw gorlarynyň tygşytly ulanylmagy gazanylýar, suwuň netijeli ulanylmagy ýola goýulýar.  «Altyn asyr» Türkmen kölüne barýan akabalaryň boýunda ýaşamak üçin ähli şertleri bolan ilatly ýerler döredilýär. Özboluşly tebigy we ösümlik dünýäsi emele gelen şor suw akabalarynyň ýakalarynda giň ekerançylyk meýdanlaryny döretmek işine aýratyn ähmiýet berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda şäherlerimizde, etraplarymyzda ýaşaýan raýatlarymyz üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertleri döredilýär. Şäherara we obaara ýollarynyň, köprüleriň durky täzelenilip, ilatly nokatlaryň arasynda ýolagçy awtobuslaryň yzygiderli gatnawy ýola goýulýar.

Milli Liderimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň köpeldilmegini özüniň üns merkezinde saklaýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň raýatlaryny, aýratyn hem  ýaşlarymyzy iş bilen üpjün etmek, olaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm çäreler amala aşyrylýar.  Biziň ýurdumyzda maşgalany maddy taýdan goldamak yzygiderli dowam etdirilýär, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen maliýe serişdeleriniň zerur möçberlerde goýberilmegi gazanylýar. Jemgyýetimiziň binýady hasaplanylýan maşgalanyň, şeýle hem eneligi we çagalygy goramagyň düýpli meseleleri üstünlikli çözülýär.

Mundan başga-da,  jemgyýetimiziň syýasy ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň işi pugtalandyrylýar, jemgyýetçilik durmuşy has çuň we giň demokratiýalaşdyrylýar.   

Milli Liderimiziň pähim-parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi, agzybirligi  öňe sürýän, halkara derejesinde ykrar edilen hem-de raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen demokratik ýola ygrarly ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar.

Soňky ýyllarda  biziň syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-gumanitar ulgamlarda, ylymda, bilimde, lukmançylykda... gazanan  üstünliklerimiziň,  ýeňişlerimiziň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz  baglydyr. Hut şonuň üçin-de bu gün bagtyýar Watanymyzda ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň kalby Arkadag Prezidentimize bolan mähirli alkyşlardan, hoşallyklardan doludyr.