TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ILKINJI ZAWOD

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde türkmen ykdysadyýetinde täze bir kuwwatly  sütün peýda boldy. Munuň şeýledigini şu ýylyň 28-nji iýunynda  Ahal welaýatynda dünýäde iň täze döwrebap senagat toplumynyň – tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyp ulanylmaga berilmegi doly subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda  açylan bu zawod «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde bina edildi. Bu döwrebap senagat desgasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň, Şwesiýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň we beýleki döwletleriň dünýä belli öndürijileriniň iň täze ylmy tehnologiýalary hem-de enjamlary bilen üpjün edilendir. «GTG» (gas to gasoline) taslamasy Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan TIGAS tehnologiýasyna esaslanandyr.

Zawodda her ýyl ekologiýa taýdan arassa, EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 sintetik benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem ugurdaş önümlerden suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny we düzüminde kükürt bolmadyk arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny çykarmak meýilleşdirilýär. Bu sintetiki ýangyç örän kämil ekologik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Ýangyjyň bu görnüşi ulanylanda, awtoulaglardan bölünip çykýan zyýanly gazlar, kükürdiň oksidleri 50 esse, azodyň oksidleri 5 esse, uglerodyň oksidi 2 esse we uglewodorodlar 20 göterime çenli azalýar.

Geljekde ýurdumyzda beýleki welaýatlarynda hem gazhimiýa toplumlarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilmegi bolsa, Türkmenistanda energetika strategiýasynyň dowamly we üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň özboluşly subutnamasy bolup durýar.