TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

SANLY YKDYSADYÝETIŇ MÜMKINÇILIKLERI

Häzirki zaman dünýä ykdysadyýeti öz ösüşiniň täze bir eýýamyna, ýagny sanly ykdysadyýete geçmek döwrüne  gadam basdy. Sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly taýýarlyk we guramaçylyk işleri dünýäniň ähli döwletlerinde işjeň häsiýete eýe boldy. Hemişelik Bitarap Türkmenistanda hem bu işe ykjam taýýarlyk görülýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky karary bilen Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanylmagy doly subut edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu Konsepsiýany üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň taýýarlyk hem-de kämillik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen okuw işleri yzygiderli alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýetiň tapawutly aýratynlyklary, şeýle hem oňa  geçmek bilen bagly Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada gürrüň bermegini haýyş edip, biz Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasary Allaberdi Derýaýewiç Ussaýewe ýüz tutduk. Şonda ol bize şulary gürrüň berdi:

— Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri örän uludyr we ol ösýän, özgerýän dünýäniň talaplaryny ödemäge doly laýyk gelýär. Ynsanlaryň durmuşy, tutuş ykdysadyýet ösüşiň bu ýoly bilen ilerläp, täze-täze mümkinçilikleri açýar, ol edaralaryň, kärhanalaryň we adamlaryň özara gatnaşygyny tizleşdirýär we aňsatlaşdyrýar.

Sanly ykdysadyýete elektron ykdysadyýet hem diýilýär. Sanly ykdysadyýete geçmegiň başga-da birnäçe bähbitleri we adaty ykdysadyýetden artykmaçlyklary bardyr. Olaryň esasylary zähmet öndürijiliginiň ösmegi, kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagy, edaralaryň çykdajylarynyň azalmagy, täze iş orunlarynyň döremegi bolup durýar. Durmuşyň ähli ugurlaryny, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny gurşap aljak bu ägirt uly özgerişliklere girişmek üçin bu gün dünýäniň ähli döwletlerinde işjeňlik artýar.

Tutuş dünýäde sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen ynsanlar özgerişlikler eýýamyna laýyklykda, düýbünden täzeçe durmuş gatnaşyklarynda ýaşamaga gadam basýarlar. Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda hem bu möhüm özgerişlige raýatlarymyzy, tutuş jemgyýeti guramaçylykly taýýarlamak, ýolbaşçylary, hünärmenleri okatmak işleri döwlet derejesinde üstünlikli alnyp barylýar. Bu okuwlar Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ýedi bölümden ybarat Konsepsiýasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Çünki, üç tapgyrda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan bu  Konsepsiýada ýurtda geçirilmeli ähli çäreler öz anyk beýanyny tapýar. Ilkinji tapgyry 2019-njy ýylda, ikinjisi 2020-2023-nji ýyllarda, üçünjisi bolsa, 2024-2025-nji ýyllarda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän Konsepsiýanyň tutuş türkmen ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmekdäki ähmiýeti örän uludyr.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly amala aşyrýan işleri ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagyna giň ýol açýar. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, sanly ykdysadyýete geçilende ähli ulgamlarda önümçilik harajatlary yzygiderli peselip, zähmet öndürijiligi ençeme esse  ýokarlanar. Munuň özi bolsa, ýokary hilli, bäsleşige ukyply harytlaryň köpelmegine getirer, şeýle-de wagtyň, harajatlaryň tygşytlanylmagyna, girdejileriň täze çeşmeleriniň ýüze çykarylmagyna mümkinçilik berer. Tutuş kärhananyň, ol ýerde işleýän hünärmenleriň innowasion ösüşiň esasy bölegi saýylýan sanly ykdysadyýet ulgamyna geçilmegine taýýarlykly barmagy örän möhümdir. Munuň özi her bir kärhanada sanly ykdysadyýete geçilmegine döredijilikli çemeleşmäge, ahyrky umumy ösüşiň üpjün edilmegine, jemgyýetimiziň bolsa has-da kämilleşmegine öz täsirini ýetirer.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň işinde hem sanly ykdysadyýete hemmetaraplaýyn taýýarlykly geçilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigini geçirilen dürli görnüşli saýlawlaryň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynyň onlarçasynda ýörite wideo kameralar gurnalyp, saýlawçylaryň ses berişleriniň on-line düzgüninde internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň «saylav.gov.tm» saýtynda ilata görkezilmeginiň ýola goýulmagy-da şeýle çäreleriň biridir. Şunuň bilen birlikde, bu saýtyň («saylav.gov.tm») guramaçylykly işledilmegi, ýagny maglumatlaryň yzygiderli ýerleşdirilip durulmagy, olar bilen ilatymyzyň we beýleki gyzyklanýanlaryň islendik wagt peýdalanyp bilýändikleri bellärliklidir. Bu bolsa ýurdumyzda saýlawlaryň aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýändigini görkezýär.  

Saýlawçylaryň ses berişleriniň on-line düzgüninde internet arkaly görkezilmegini guramak ýurdumyzyň saýlaw ulgamynda sanly ykdysadyýete geçilmegine özboluşly badalga boldy. Geljekde biz Gahryman Arkadagymyzyň salgy beren we başyny başlan bu ýoly bilen öňe gidip, Merkezi saýlaw toparynyň işine sanly ykdysadyýeti üstünlikli ornaşdyryp, bu ulgamyň kämilliginiň ösen dünýäniň talaplarynyň derejesinde bolmagyny üpjün etmäge çalşarys.

— Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren žurnalist A. Akmyradow.