TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

HALKARA TEJRIBESI ÖWRENILÝÄR

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Bu işe  Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň hünärmenleri tarapyndan hem aýratyn ähmiýet berilýär. Has takygy, Merkezi toparyň hünärmenleri tarapyndan halkara tejribesi yzygiderli öwrenilýär. Bu ugurda  alnyp barylýan işler barada gürrüň bermegini sorap, biz Merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti Hekimberdi ÖWEZOWA ýüz tutduk. Şonda ol bize şulary gürrüň berdi:

– Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyrylyşynyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek bilen bagly başlangyçlary öňe sürdi. Has takygy,  Türkmenistanyň  Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, şeýle hem  dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmek we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak baradaky öňe süren başlangyçlary halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe boldy.

2019-njy ýylyň 4-nji dekabrynda bolsa hormatly Prezidentimiz Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz bu çäräniň esasy maksadynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň ýagdaýyna we onuň mümkinçiliklerine baha bermekden, ýerlerden Topara gelip gowuşýan maglumatlary deslapdan umumylaşdyrmakdan, onuň geçen döwürde ýerine ýetiren işlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz iki palataly parlamentiň maksatlaryny, wezipelerini we onuň öňünde durýan işleri kesgitlemek bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň has netijeli çözgüdini taýýarlamagyň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de olary umumylaşdyrmak barada iş topary döredildi.

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň häzirki zaman talaplaryna laýyk getirilmegi milli parlamentiň giň ygtyýarlyklara eýe bolan umumymilli wekilçilikli edara öwrülmegine oňyn täsirini ýetirer. Iki palataly ulgama geçilmegi netijesinde Türkmenistanda kanun çykaryjylyk işi hil taýdan täze derejä göteriler.

Milli Liderimiziň saýlawlary guramaçylykly geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryndan, tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň hünärmenleri hem dünýä döwletleriniň saýlaw ulgamynyň işini we olaryň tejribesini yzygiderli öwrenýärler. Olar daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolanlarynda şol döwletleriň parlament saýlawlarynyň geçirilişiniň düzgünleri, oňa sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ýaly meselelerde gazanylan iş tejribeleri bilen içgin gyzyklanýarlar.

Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleriniň Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň deputatlarynyň saýlawlaryna, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Saýlaw işleriniň sanlaşdyrylmagy. Gumanitar ölçegler» atly halkara maslahatyna, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň wekiller palatasynyň deputatlarynyň saýlawlaryna, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülýän halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde gatnaşmaklary hem doly subut edýär. Munuň özi ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik esaslarda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine we umumy ykrar edilen halkara ölçeglerine laýyklykda geçirilmegine, saýlaw ulgamynyň işiniň barha kämilleşmegine hem-de Türkmenistanyň  Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, Türkmenistanyň Mejlisiniň iki palataly ulgama geçmegi bilen bagly işlere öz oňyn täsirini ýetirer.

 — Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren A. AKMYRADOW.