TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

KONSTITUSION ÖZGERTMELERIŇ TÄZE TAPGYRY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde  konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry yglan edildi we ýurdumyzyň Baş Kanunyny kämilleşdirmek boýunça başlangyç öňe sürüldi. Bu başlangyjyň esasy maksady bolsa, jemgyýetimizde we dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikleri nazara alyp, Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmekden hem-de kanun çykaryjy edaranyň iki palataly gurluşyny döretmekden ybarat bolup durýar.

Ýurdumyzda jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri göz öňünde tutup, Konstitusion topar döredilip, degişli resminama arkaly onuň düzümi tassyklanyldy. Geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň üç mejlisi geçirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada gelip gowuşýan teklipler öwrenilýär hem-de olary umumylaşdyrmak boýunça, şeýle-de   raýatlardan, syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik birleşiklerinden we ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleri we pikirleri jemlemek we deslapdan seljermek boýunça netijeli, anyk işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ministrliklerinden, pudak we ylmy edaralaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden, jemgyýetçilik birleşiklerinden hem-de raýatlaryndan gelip gowuşýan teklipleri we pikirleri jemlemek hem-de deslapdan seljermek boýunça netijeli işleri alyp baryldy. Netijede, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Toparyň üçünji mejlisinde eden çuň mazmunly çykyşynda milli Liderimiziň «Garaşsyz ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmak we ygtyýarlyklaryny giňeltmek, durmuşymyzyň ähli taraplaryny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak biziň esasy maksadymyzdyr» diýip aýratyn nygtap bellemeginiň çuňňur manysy bardyr.

Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ähli halkymyz ara alyp maslahatlaşar ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dolulygyna çap etmegi tabşyrdy. Döwletiň konstitusion gurluşyny berkitmäge we ony has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen bu kanunyň ähli halkymyz bilen ara alnyp maslahatlaşylandan soň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň garamagyna hödürlenilmegi göz öňünde tutulýar. Bu kanunyň kabul edilmegi diňe bir ata Watanymyz hem-de mähriban halkymyz üçin taryhy waka öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistan döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly gurluşynyň emele gelmegine  we  ýurdy dolandyrmakda demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri açar.