TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

NURANA BAHAR BAÝRAMY

Äleme gözellik, ynsan göwnüne ylham, joşgun berýän bahar paslynda Halkara zenanlar güni ýurdumyzda döwlet derejesinde dabaraly bellenilýär. Bu baýram diňe  gelin-gyzlarymyzy däl, eýsem tutuş halkymyzy täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk  mynasybetli  aýdym-sazly dabaralar, döredijilik bäsleşikleri, sergiler, şowhunly medeni-sport çäreleri geçirilýär.

Mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak  müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli dessurymyzdyr. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, dürli pudaklarda yhlasly zähmet çekýärler, eziz Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda tutumly işleri amala aşyrýarlar.

Döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan  baý mirasymyzy gorap saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde zenanlara uly orun degişlidir. Müňýyllyklardan gözbaş alýan baý mirasymyz  şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine, nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň kemala gelmegine ýardam berýär. Milli gymmatlyklarymyz gahrymançylygyň, ýokary ahlaklylygyň we ynsanperwerligiň  nusgasyna öwrülip, ene söýgüsi bilen ýaş nesillerimiziň gursagyna guýulýar.

Zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, maşgalany, çagalygy we eneligi goldamak babatda hem ýurdumyz abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary  ýola  goýdy we ol dowamly ösdürilýär. Gelin-gyzlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, dürli pudaklarda, aýratyn hem ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli zähmet çekýärler.

Biziň döwletimizde zenanlaryň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Bahar paslynda döwlet derejesinde dabaraly bellenilip geçilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlarymyzy tüýs ýürekden   mähirli gutlaýarys!