TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — SEBIT HOWPSUZLYGYNYŇ MÖHÜM ŞERTI

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda iri abraýly halkara guramalaryna wekilçilik edýän düzümler bilen bilelikde oňyn işler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk işlerine girişildi.

Bitarap Türkmenistanyň tutuş sebitde halkara parahatçylyk dörediji tagallalaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigini BMG-niň howandarlygynda parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar bolmagynda möhüm orun eýelän täjik, şeýle hem owgan  gepleşikleriniň, baryp, geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyrynda Aşgabatda geçirilendigi doly subut edýär.

Bu gün Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we oňa goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi. Munuň özi sebitiň ähli döwletleriniň goldaw bermeginde, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak hakyndaky halkara bileleşiginiň çözgüdinde tassyklanyldy.  Bu çözgüt ägirt uly jogapkärçilikdir we şol bir wagtyň özünde-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistana bildirilýän uly ynamyň subutnamasydyr.

Bu gün türkmen bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär. Bitaraplyga mahsus bolan özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny, deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk babatda amatly şertleri döretmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleri ulanýan Türkmenistanyň goldawyna BMG hemişe daýanýar.

Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde ýüze çykýan meseleleri we jedelleri çözmekde gatnaşyklaryň medeniýetiniň berkarar bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi.

Biziň ýurdumyz tarapyndan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalar üçin iş ýüzünde möhüm ähmiýeti bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny degişli derejede geçirmek boýunça birnäçe teklipler işläp taýýarlanylýar hem-de şolary BMG-niň garamagyna hödürlemek meýilleşdirilýär.

Bu başlangyçlar taýýarlananda hem-de şolaryň geljekde durmuşa geçirilmeginde BMG-niň degişli düzümleri we beýleki abraýly guramalar bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna bil baglanylýar.

Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça düzgünleriň toplumyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.

Şeýle hem biziň ýurdumyz ýakynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparyny döretmegi teklip edýär. Bu başlangyjyň öňe ilerledilmegine gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen ýygjam hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistan hemişe taýýardygyny ynamly nygtaýar.

Daşary syýasy derejäniň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde  «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda tutuş 2020-nji ýylyň dowamynda dürli çäreleriň uly tapgyry geçiriler.