TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

DEMOKRATIK ÝÖRELGELER DABARALANÝAR

Şu ýylyň 29-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça anyk işler ýerine ýetirilýär. Bular barada
gürrüň bermegini sorap, biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň kätibi Amangeldi Annadurdyýewe ýüz tutduk. Şonda ol bize şulary gürrüň berdi:

– Häzir ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi döwletimizi dolandyrmakda demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyny aňladýar. Baş Kanunymyza girizilmegi göz öňünde tutulýan anyk düzgünler nämelerden ybarat? Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýet hasap edilýän iki palataly edaranyň bitewi ulgamyna Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Mejlisini girizmek baradaky başlangyçlar giň goldawa eýe boldy. Hut şonuň üçin-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan 61 belgili maddany aýyrmak göz öňünde tutulýar. Şunlukda, iki palataly parlamenti bolan döwletleriň tejribesinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Milli Parlamentini Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa — Halk Maslahaty diýip atlandyrmak ýerlikli hasap edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň örän adalatly belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sany 56 adamdan ybarat bolar. Şeýle-de, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden deň derejede, ýagny 8 adamy Halk Maslahatynyň düzümine gizlin ses bermek arkaly welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň degişli mejlislerinde saýlamak göz öňünde tutulýar. Şunda baý durmuş tejribesi bolan hem-de döwlet we jemgyýetçilik işleriniň dürli ugurlarynda aýratyn hyzmatlary bitiren, uly abraýly raýatlaryň arasyndan bu düzüme  8 agza Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan belleniler. Munuň özi welaýat hem-de Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmekde, olaryň abraýyny ýokarlandyrmakda, Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmäge hukugy bolan täsirli, ýerli wekilçilikli edaralar hökmünde uly ähmiýete eýe bolar. Halk Maslahatynyň agzalarynyň belli bir böleginiň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenmegi bolsa, halkymyzyň adalatlylyk, deňlik, ynsanperwerlik ýaly, demokratik kadalaryny jemgyýeti we döwleti ösdürmegiň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrar.

Milli Liderimiziň “Pederlerimiziň türkmen jemgyýetini dolandyrmakda toplan oňyn ýörelgesinden ugur alnyp, baý durmuş we zähmet tejribesi bolan adamlary saýlamak we bellemek üçin, Halk Maslahatynyň agzalygyna 30 ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty 5 ýyl möhlete saýlanyp we bellenip bilner diýlip Konstitusiýanyň taslamasynda görkezilse, maksadalaýyk bolardy” diýip ýerlikli bellemegi örän adyldyr.

Türkmenistanyň Mejlisi barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzda onuň kanun çykaryjylyk işini anyk guramakda toplanan oňyn tejribe esasynda deputatlaryň sany we ygtyýarlyk möhletleri baradaky konstitusion kadalary ozalkysy ýaly galdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda hereket edýän wekilçilikli edaralaryň Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly ygtyýarlyk möhleti 5 ýyldan ybaratdyr. Munuň özi deputatlaryň saýlawlaryny geçirmegiň ykrar edilen oňyn tejribesine we saýlawlar baradaky kanunçylyga laýyk gelýär. Şunuň bilen birlikde, Esasy Kanuna şol bir adamyň şol bir wagtda Milli Parlamentiň iki palatasyna hem saýlanmagyna we işlemegine ýol berilmeýändigi baradaky kadany girizmek hem göz öňünde tutulýar. Şeýle kadanyň girizilmegine ýurdumyzda demokratik başlangyçlary hem-de durmuş taýdan adalatlylygy üpjün etmek üçin möhüm ähmiýet degişlidir. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna palatalaryň mejlisleriniň aýratynlykda geçirilýändigi baradaky kadany girizmek maksadalaýyk bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtdaky ýagdaý hakynda, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada türkmen halkyna hem-de Parlamente her ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş edende, şonuň ýaly-da, daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary Parlamentde çykyş edenlerinde şu kadadan çykmaga ýol berler. Şeýle ýagdaýlarda bilelikdäki mejlisleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Dünýäniň köp ýurtlarynyň tejribesine görä, ýurduň Prezidentiniň haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, kada bolşy ýaly, onuň ygtyýarlyklary Parlamentiň wekilçilikli palatasynyň Başlygyna geçýär. Hut şonuň üçin hem milli Liderimiz «Biz hem şeýle oňyn halkara tejribeden ugur alyp, ýurduň Prezidentiniň haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, Prezident saýlanýança, onuň ygtyýarlyklarynyň Halk Maslahatynyň Başlygyna geçýändigini Esasy Kanunymyzda beýan etsek, dogry bolar diýip hasap edýärin» diýip örän adalatly belleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşynda orta atan gymmatly teklipleri biziň ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň has-da dabaralanjakdygyndan nyşandyr.

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň özgerdilmegi Milli Parlamente türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna wekilçilik etmäge, döwrüň wagty ýeten meselelerini çözmäge we kanunlary taýýarlamagyň hem-de ulanmagyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Täze kanun çykaryjy edara döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda hem-de ýurdumyzda durmuş adalatlylygynyň kadalaryny doly ykrar etmekde uly ähmiýete eýe bolar.

– Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! 

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren A. Akmyradow.