TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

TÜRKMEN BITARAPLYGY ― HALKYMYZYŇ BUÝSANJY

Bitaraplyk taglymatynyň kökleri öz gözbaşyny türkmeniň müňýyllyklara siňýän şöhratly taryhynyň sahypalaryndan almak bilen, özboluşly mukaddeslige eýlenendir. Bu barada hormatly Prezidentimiz “Biz Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň Bitaraplygymyza buýsanjyny artdyrmaga uly ähmiýet berýäris. Bitaraplyk sözüniň aňrysynda ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürýän özara ynanyşmagy pugtalandyrýan, parahatçylygy söýýän halkymyzyň dünýä nusgalyk derejedäki diplomatiýasy, hukuk medeniýeti we ynsanperwer düşünjeleri durýar” diýip, örän parasatlylyk bilen belleýär. Dünýä medeniýetiniň genji-hazynalary bolan “Oguznama”, “Görogly”, “Gorkut ata” ýaly eserlerden we şöhratly geçmişimiz barada baý maglumatlary özünde saklaýan beýleki taryhy çeşmelerden türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiligi, asudalygy, agzybirligi, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek, birek-birege hormat goýmak, adam mertebesini sarpalamak, dawa-jenjeliň öňüni almak bilen baglanyşykly ençeme mysallary görmek bolýar.

 Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolup geçen 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwleti, şeýle hem  2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69-njy mejlisinde dünýäniň 193 döwleti tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.  Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň  ykrarnamasy,  halkara gatnaşyklarynyň parahatçylykly ösüş ýoluna  mynasyp goşant goşmaga ukyply, abraýly döwletdiginiň tassyknamasy boldy.

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, şeýle-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Merkezi Aziýa sebitinde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, üçünji müňýyllykda dünýäniň dürli yklymlarynyň ýurtlarynyň arasynda hoşmeýilli, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýan döwletleriň birine öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen içeri we daşary syýasatynda oňyn bitaraplyk strategiýasyny saýlan Garaşsyz Türkmenistan adamzadyň bagtyýar geljegine gönükdirilen ýörelgeler bilen bu taglymaty has-da baýlaşdyrdy.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän, ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, ynanyşmak, bähbitlere hormat goýmak ýaly milli däpleri uzak geljegi nazarlaýan döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Çünki, Türkmenistanyň bu ýörelgeleri dünýäde parahatçylygyň höküm sürmeginiň hatyrasyna tagallalary birleşdirmegiň zerurlygy babatda ähli döwletlere bähbitli garaýyşlaryň ösmegine itergi berýär. Muňa mysal edip, Aşgabatda BMG-niň goldamagynda öz döwründe Täjigistanda parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar bolmagynda, şeýle-de Geçen ýüzýyllygyň 90-njy ýyllarynyň ahyrlarynda Owganystandaky gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak boýunça möhüm orun eýelän birnäçe gepleşikleriň geçirilmegi ata Watanymyzyň goňşy döwletlerde hem parahat, asuda durmuşyň höküm sürmegi üçin özboluşly ylalaşdyryjy merkeze öwrülendigini subut edýär.

Şeýle syýasatyň üstünlikli alnyp barylmagy  netijesinde biziň ýurdumyz sebitde syýasy durnuklylygy gorap saklamakda we goldamakda, hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy ösdürmekde BMG-niň ynamly, ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. Hut şunuň üçin 2007-nji ýylda ştab-kwartirasy Aşgabatda bolan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň sebit merkeziniň döredilmegi bu ugurda möhüm tapgyryň biri boldy. Bu merkeziň açylmagynyň on ýyllygy mynasybetli, 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Rezolýusiýasy hem Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň beýany boldy. Bu rezolýusiýanyň kabul edilmegi häzirkizaman dünýäsinde sebitde ýüze  çykyp biljek islendik çylşyrymly  meseleleriň  öňüni  almakda  ýa-da  olaryň  öz  wagtynda  çözülmegini gazanmakda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ornuna BMG  tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýändigini ýene  bir gezek subut edýär.

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabryny “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi bu Halkara baýramçylygynyň Zemin içre giňden dabaralanýandygynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli eziz Watanymyza buýsanç we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Bitaraplyk derejesine buýsanjymyzyň nyşany hökmünde, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda 2020-nji ýylda ýurdumyzda birnäçe maslahatlar, forumlar, giň gerimli sport we medeni çäreler, şeýle-de baýramçylyk çäreleri geçiriler.

 

Bezirgen Garaýew, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.