TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

BEÝIK ÝEŇŞE – 75 ÝYL

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda   adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan  Ýeňiş gününe  örän uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtaýar. Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy, ähli şäherdir obalarymyzdaky ýadygärlikler  munuň şeýledigini doly subut edýär.  Bu  ýadygärlikler toplumynda  ýowuz  uruş barada türkmen halkynyň mizemez pikiri beýan edilendir. Çünki, bu  urşuň  ajy hasratlary, dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda  goýan agyr ýatlamalary hiç haçan  unudylarly  däldir.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda şirin janyny gaýgyrman söweşen köpmilletli esgerleriň arasynda biziň watandaşlarymyz hem edermenlik,  gahrymançylyk görkezdiler.   Şeýle hem uruş  ýyllarynda tylda galan Türkmenistanyň ilaty  durmuşa, Watana çäksiz söýgi, ynam duýgulary bilen tutanýerli, gaýratly zähmet çekip, bol galla we pagta ýygnap, şanly Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşdular. Watana, il-güne, ojagyna wepaly, zähmetsöýer zenanlarymyz Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyrdylar.  Uruş döwründe gelin-gyzlarymyz  «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly halyny hem  dokamagy başardylar. Bu günki bagtyýar  nesillerimiz  bolsa, şol merdana watandaşlarymyzyň söweş edermenligi we ak ýürekden çeken zähmeti bilen külli adamzadyň öňünde bitiren beýik işlerine tüýs ýürekden guwanýarlar.

Bu gün Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan  döwletimizde Ýer ýüzünde  parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda ulgamlaýyn işler amala aşyrylýar.

Her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna döwletimiz tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Diýarymyzda täze gurlan we durky täzelenen dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda uruş we zähmet weteranlaryna köp sanly durmuş ýeňillikleri döredilýär. Şöhratly  nesillere  mynasyp hormat  goýulýar.