TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

BAŞ KANUNYMYZYŇ WE DÖWLET BAÝDAGYMYZYŇ BAÝRAMY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde türkmen jemgyýeti ösüşiň täze tapgyryna gadam goýdy. Ýurtda kämil syýasy ulgamly, ösýän ykdysadyýetli, demokratik  jemgyýet bina edilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilmegi bilen, Garaşsyz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň düýbi ygtybarly we mäkäm tutulypdy. Mukaddes Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini aňladýan Baş  Kanunymyzyň – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň baýram  edilmegi her bir türkmenistanlynyň ruhuna ruh, buýsanjyna buýsanç goşýar. Baş  Kanunymyz  türkmen raýatlarynyň hukuklarynyň, abadançylygynyň, ýurtda höküm sürýän durnuklylygyň, ylalaşygyň ygtybarly kepili bolsa, ýaşyl Baýdagymyz mukaddes Watanymyzyň erkanalygynyň we nurana geljeginiň nyşanydyr. Türkmen  jemgyýetiniň hukuk esaslarynyň we demokratik binýatlarynyň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine giň ýol açýan konstitusion özgertmelerimiz bolsa, her bir raýatyň kadaly ýaşaýşyny, goraglylygyny üpjün etmäge, şahsyýetiň kämillige ymtylyşyny höweslendirmäge gönükdirilendir.

Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz türkmen halkynyň şanly geçmişini, bagtyýar döwrüni hem-de ýagty geljegini alamatlandyrýan milli gymmatlyk saýylýar. Hut şonuň üçin-de, adamy jemgyýetiň we döwletiň gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza her bir türkmenistanly çäksiz buýsanýar, uly hormat goýýar. Bu gün ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ata Watanymyz özgertmeler hem-de ösüşler   ýoly bilen  ynamly öňe barýar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasy hem milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen watandaşlarymyzy mähirli  gutlaýar!