TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

DALAŞGÄRLERIŇ SAÝLAWÇYLAR BILEN DUŞUŞYKLARY

Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň goraglylygy döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerine esaslanýar. Döwletiň syýasy durmuşynyň esasy wakalarynyň biri bolan saýlawlar bolsa, jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň doly ýüze çykmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň dowamly geçirilýän şu günlerinde biz, jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykýandygynyň ýene-de bir gezek doly şaýady bolýarys.

Şeýle duşuşyklar ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary boýunça döredilen 125 saýlaw okrugynda, welaýat halk maslahatlary boýunça döredilen 240, etrap, şäher halk maslahatlary boýunça döredilen 1200, şeýle hem Geňeşler boýunça döredilen 5900 saýlaw okrugynyň ählisinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

Saýlawçylar bilen geçirilýän bu duşuşyklarda öz maksatnamalary bilen çykyş edýän dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna hem anyk jogaplary berýärler.

Baý many-mazmunly maksatnamalar dalaşgärleriň bu duşuşyklara örän taýýarlykly gelendiklerini subut edýär. Şeýle hem bu maksatnamalar saýlawlaryň has işjeň, has guramaçylykly ýagdaýda geçjekdigini alamatlandyrýar. Okrugyň saýlawçylarynyň dalaşgärlere berýän sowallarynda  olaryň köňül beýany, isleg-arzuwlary uly orun tutýar.

Ýerlerde, ýagny okruglarda milli Liderimiziň iri maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna hem-de kanunçylygyň has-da kämilleşdirilmegine özboluşly ýardam berjek dalaşgärleriň maksatnamalarynda saýlawçylaryň ynamyny gazanmaga gönükdirilen meseleleriň çözgütlerine hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Maksatnamalarda okruglardaky saýlawçylaryň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna, olaryň bolelin we eşretli durmuşda ýaşamaklarynyň üpjün edilmegine, obalaryň we şäherleriň tämizligine, ilatly nokatlarda täze-täze önümçilik kärhanalarynyň, edaralaryň gurlup ulanylmaga berilmegine, netijede goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär.

Raýatlaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi üçin banklardan ýeňillikli karzlary alyp bilmekleriniň üpjün edilmegine, şeýle hem ilatly ýerlerdäki köçeleriň yşyklandyrylyşyna, köprüleriň durkunyň täzelenilmegine we beýleki durmuşy meseleleriň çözülmegine gönükdirilen çäreleriň toplumyny özünde jemleýän maksatnamalaryň saýlawçylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edilýändigini aýratyn nygtamak zerurdyr.

Dalaşgärleriň maksatnamalarynda okrugyň ösüşiniň geljekki ugurlary, şeýle hem raýat jemgyýetiniň hukuklarynyň kämilleşdirilişi we halkara kadalaryna hem-de milli demokratik ýörelgelerimize laýyklykda geçirilýän saýlawlaryň ähmiýeti barada hem örän ýerlikli gürrüňler gozgalýar.

Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçirýän bu duşuşyklarynyň mazmunyndan çen tutsaň, onda ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklarynyň barha kämilleşýändigine, saýlawlara taýýarlyk işlerinde demokratik usullaryň giňden ulanylýandygyna,  saýlawlary guramagyň we olary geçirmegiň demokratik tejribeleriniň artýandygyna doly göz ýetirýärsiň.

 

Merkezi saýlaw topary.