TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

DEMOKRATIK SAÝLAWLAR

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýurdumyzda giň möçberli guramaçylyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Ýaýbaňlandyrylan bu işler Garaşsyz we hemişelik Bitarap diýarymyzda geçiriljek bu saýlawlaryň milli demokratik ýörelgelere, şeýle hem häzirki zaman halkara talaplaryna laýyk derejede amala aşyryljakdygyndan habar berýär.

Biz Türkmenistanda geçirilýän demokratik saýlawlaryň milli aýratynlyklary barada gürrüň bermeklerini sorap, «Türkmenistan» gazetiniň we «Diýar» žurnalynyň hem-de «Nesil» gazetiniň baş redaktorlaryna ýüz tutdyk. Şonda olar bize şulary gürrüň berdiler:

 

Kakamyrat Rejebow,
«Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory:

 

— Biziň ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlary geçirmegiň demokratik ýörelgeleriniň kanunçylyk binýady doly üpjün edilendir. Munuň özi Türkmenistanda demokratik saýlawlary geçirmegiň halkara ýörelgeleriniň hem-de raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň doly üpjün edilendiginiň nyşanydyr.

Demokratik saýlawlar özüniň milli köklerini ata-babalarymyzyň gadymy ýol-ýörelgelerinden alyp gaýtmak bilen, halk häkimiýetliliginiň eýýäm taryhy döwürlerde ýüze çykandygyny subut edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýleki ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzda saýlaw ulgamynyň işi hem döwrebap kämilleşdirildi. Şeýlelikde, biziň ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar köppartiýalylyk şertlerinde we milli demokratik ýörelgelerimiz esasynda hem-de halkara ölçeglerine laýyklykda guramaçylykly geçirilýär.

 

* * *

Gurbannazar Orazgulyýew,
«Diýar» žurnalynyň baş redaktory:

 

— Saýlawlar islendik döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Saýlawlar döwletiň raýatlarynyň saýlamak we saýlanmak bilen bagly iň esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup, olar jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesidir.

Köppartiýaly türkmen jemgyýetinde geçirilýän dürli görnüşli saýlawlar syýasy köpdürlülik häsiýetine eýe boldy. Saýlawlara syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýatlar toparlarynyň bellän milli synçylarynyň, şeýle hem halkara synçylarynyň işjeň gatnaşmaklary bolsa, biziň ýurdumyzda saýlawlary guramagyň halkara kadalarynyň doly derejede berjaý edilýändigini, Türkmenistanyň halkara derejesinde borçlanýan demokratik ýörelgelerine gönüden-göni ygrarlydygyny aýdyň subut edýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň bu gezekki saýlawlarynyň giň bäsleşik, deň, göni we erkin saýlaw hukugynyň esasynda geçirilýändigi bizi has-da buýsandyrýar. Munuň özi Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe bir syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-gumanitar ulgamda däl, eýsem kanunçylyk babatda hem ösen dünýäniň talaplarynyň derejesine göterilendigini alamatlandyrýar.

 

* * *

Mähriban Gandymowa,
«Nesil» gazetiniň baş redaktory:

 

— Biziň ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara gatnaşýan dalaşgärleriň hil düzümine ser salanyňda, möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärelere ýaş nesliň örän işjeň gatnaşýandygyna göz ýetirýärsiň. Aslynda, türkmen halky Ýer ýüzünde ulusyna hormat goýup, kiçisini sylamagy başarýan halk hökmünde tanalýar. Türkmen milletiniň bu taryhy ýörelgeleriniň  gözbaşy oguz däplerinden akabalanýar. Munuň özi nesilleriň arabaglanyşygynyň üznüksizligini alamatlandyrýar. 

Türkmenistanda geçirilýän demokratik saýlawlaryň kökleri hem taryhyň jümmüşine uzap gidýär. Türkmenlerde saýlawlar ýönekeý maslahatlardan başlanyp, tä ses bermek arkaly geçirilmek derejesine çenli kämilleşdirilipdir.

Türkmen halky il-gününe baştutan bolmak üçin zerur bolan häsiýetlere, şol sanda ajaýyp ahlak häsiýetlerine, belent adamkärçilige, şeýle hem serdarlyk ukybyna eýe bolan ynsany öňe çykarmagyň usullaryny örän oňat bilen halk bolupdyr.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek saýlawlarynyň taýýarlyk işleriniň geriminden çen tutsaň, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresiniň çuň milli demokratik esaslarda amala aşyryljakdygyna doly ynanýarsyň.

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren
 žurnalist Agadurdy Akmyradow.