TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

OTUZ KILOMETRLIK MENZIL

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň maý aýynyň 19-yna welosipedli ýörişe çykyp, otuz kilometrlik ýoluň tanapyny ussatlyk bilen külterledi. Köpetdagyň gözel-gözel ýerlerinden başlanan bu ýöriş, menzil-menzil ýollary yzda galdyryp, hoşboý ysly gülleriň, ajaýyp suw çüwdürimleriniň, ak mermerli binalardyr ymaratlaryň mekany bolan Aşgabadyň şaýollaryna gelip ýetip, şäheriň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdançasynda tamamlandy.

Gerdeninde iner ýüküni çekýän Arkadagymyzyň welosiped ulagynda şunça menzili ussatlyk bilen geçmegi nämeleri aňladýar!? Munuň özi, Arkadag Prezidentimiziň tut ýaly jan saglygyndan hem-de şadyýan we şähdaçyk ynsandygyndan habar berýär! Munuň özi, halkyň milli Lideriniň öz raýatlaryny sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge çagyryşy bolup ýaňlanýar. Munuň özi, tutuş Türkmenistanda ynsan saglygynyň elmydama döwlet syýasatynyň üns merkezindediginiň alamatydyr. Şeýle-de, bütin dünýäde sagdynlygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde giňden tanalýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmäge elmydama taýýar ýurtdugyndan habar berýär.

Welosipedli ýörişiniň dowamynda biziň milli Liderimiz diňe bir ekologiýa meselelerine  däl, eýsem başga-da il-ýurt bähbitli ençeme möhüm meselelere  üns berdi. Has takygy...

...Döwlet Baştutanymyzyň uzak aralyga bu gezekki welosipedli ýörişiniň dowamynda daşky gurşawyň gözelliklerini, täsinliklerini, özboluşlylygyny aýratyn synlamagynyň, tokaý zolaklaryna ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmagynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtamalydyrys. Sebäbi, ýurdumyzy gülzarlyga, bagy-ereme öwürmek, şeýle hem ekologiýa meselelerine aýratyn üns bermek, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan uly wezipeleriniň biridir. Hut şonuň üçin hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ak mermerli Aşgabadyň daş-töwereginde dürli görnüşli baglaryň özboluşly tokaýy emele geldi. Tanalmaz derejede özgeren paýtagtymyzyň töweregindäki tokaýlaryň özboluşly faunasy we florasy peýda boldy. Ösümlik we haýwanat dünýäsi özgeren bu ýerlere döwlet tarapyndan eýeçilikli göz bilen seretmek üpjün edildi.

Köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk ýowarlarynyň geçirilmegi Aşgabadyň daş-töwereginde ekilen agaç nahallarynyň millionlardan habar berýändigi  diňe bir paýtagtyň ýaşaýjylaryna däl, eýsem bu ajaýyp şähere gelýän türkmenistanlylara hem-de paýtagtyň daşary ýurtly myhmanlaryna hem mälimdir.

Gür tokaýlyga öwrülen tebigat paýtagtymyzda örän amatly howa şertleriniň emele gelmegine oňyn täsir edýär. Jöwzaly tomsuň yssy, epgekli günlerinde howanyň salkynlaşmagyna ýardam berýär.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de tebigata, daşky gurşawa aýawly çemeleşmekden ybaratdyr. Türkmenistanda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen Milli tokaý maksatnamasynyň diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, onuň tutuş ýurdumyzyň çäklerinde—welaýatlardadyr etraplarda hem üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemelidiris.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamasyndan ugur alyp, şeýle-de sporty wagyz etmek, türkmen jemgyýetine sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki sport abraýyny has-da arşa götermek, Türkmenistanda köpçülikleýin welosiped sportuny mundan  beýläk-de ösdürmek maksady bilen, her ýylyň 3-nji iýunynda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününi belläp geçmek hakyndaky Karara şu taryhy günlerde gol çekmegi-de örän uly ähmiýetli wakadyr.

Türkmenistanlylaryň dürli ýaşdakylarynyň müňlerçesini öz hatarlaryna birleşdirýän welosipedli ýörişleri geçirmek boýunça milli Liderimiziň ýola goýan ajaýyp ýörelgesi ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Hut  şonuň üçin hem sportuň bu görnüşi ýurdumyzda aýratyn meşhurlyga eýedir. Häzirki zaman welotrekleriň gurulmagy hem-de beýleki sport toplumlarynyň bina edilmegi biziň ýurdumyzda islendik derejeli halkara ýaryşlarynyň üstünlikli geçirilmegine mümkinçilik berýär.

Sport bilen sagdynlygyň bir bitewi düşünje hökmünde kabul edilýän ýurdy bolan Türkmenistandaky dürli görnüşli sport binalarynda ýylyň bütin dowamynda geçirilýän yzygiderli türgenleşikler adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onuň işjeňligini, işe ukyplylygyny ýokarlandyrýar hem-de ynsanda pugta erki, maksada okgunlylygy terbiýeleýär.

Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, köp sanly sagdyn-durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň gatnaşmagynda şu ýylyň 20-nji maýynda köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşylmagy-da, Bitarap Türkmenistanda raýatlaryň işjeňliginiň, sporta bolan höwesiniň örän ýokary derejelere göterilendiginden habar berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygy we abadançylygy, berk bedenli we belent ruhly ýaşlary terbiýelemek baradaky aladany döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär we oňa uzak möhletleýin umumymilli strategiýa hökmünde garaýar.

...Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maý aýynyň 19-yna welosipedli gezelenje--ýörişe çykyp, otuz kilometrlik ýoluň tanapyny ussatlyk bilen külterlemegi  Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, sportuň giňden ösdürilýändiginiň, bu babatda ýurdumyzyň raýatlarynyň işjeňliginiň ýokarlanýandygynyň özboluşly subutnamasy bolup ýaňlandy...

 

Merkezi saýlaw topary.