Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Azerbaýjan Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir.
Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Soňra hormatly Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň «Zagulba» köşgüne bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Prezident Ilham Aliýew Milli Liderimizi mähirli mübärekläp, Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Iki halky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýan-dygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Prezident Ilham Aliýewe iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan hemde ösdürmekden, ýetilen sepgitleri berkitmekden, täze ugurlarda taslamalary amala aşyrmaga itergi bermekden ybaratdygyny aýtdy we döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesiniň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk ruhuna laýyk gelýändigini nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen we azerbaýjan halklarynyň umumy taryhy kökleri bolup, iki halkyň aňyrsy hem oguzlardan gaýdýar.
Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz doganlyk Azerbaýjan topragynda hemişe bolşy ýaly, mähirli kabul edilendigi üçin Prezident Ilham Aliýewe türkmen halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirip, döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de, öz adyndan, hem-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisine bardy. Bu ýerde Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Mejlisiň muzeý gymmatlyklary barada degişli maglumatlary berdi. Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň milli parlamentiniň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri — Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hatyralap, Geýdar Aliýewiň guburyna, şeýle-de, Prezident Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna hem gül dessesini goýdy. Soňra Milli Liderimiz «Ýeňiş» ýadygärlikler toplumyna bardy we öz Watany üçin janyny gurban eden Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy.
Soňra Milli Liderimiz «Sea Breeze» dynç alyş toplumyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we «Sea Breeze» toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow mähirli garşyladylar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza şekil taslamalarynyň üsti bilen agzalan dynç alyş toplumy barada maglumat berildi.
Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň ikinji güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli şäherine bardy. Howa menzilinde belent mertebeli myhmany Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalarynyň üsti bilen Azerbaýjanyň Fizuli, Laçyn we Zangilan Halkara howa menzilleri bilen tanyşdyryldy.
Soňra, Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew bilelikde awtoulagda Şuşa şäherine ugradylar. Ýol ugruna ýörite gurnalan ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Agdam, Fizuli we Hojawend etraplary boýunça ýörite wekili Milli Liderimizi Fizuli şäherinde amala aşyrylýan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdyrdy.
Deňiz derejesinden 1 müň 368 metr belentlikde ýerleşýän Şuşa şäheri Azerbaýjanyň medeni paýtagtydyr. XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda Şuşa Kawkazyň sazçylyk merkezine öwrülýär.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bina edilýän metjidiň gurluşygyny synlady. Täze metjidiň düýbi 2021-nji ýylda tutulypdyr.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Şuşa galasyna bardylar. Döwlet ähmiýetli binagärlik ýadygärligi bolan Şuşa galasy 1752-nji ýylda belent baýryň üstünde gurlupdyr.
Soňra Milli Liderimiz we dostlukly ýurduň döwlet Baştutany Azerbaýjanyň meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň Şuşadaky öý-muzeýine bardylar. Bülbüliň ogly, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmanlary wokal sungatynyň düýbüni tutujy, professor Bülbüliň öý-muzeýindäki gymmatlyklar bilen tanyşdyrdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherinde ýerleşýän Göwher Aga metjidine bardylar. Metjit bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilelikde Mehmandarowlaryň öý-muzeýine bardylar. Bu öý köşk görnüşli ýaşaýyş toplumy bolup, Azerbaýjanyň XVIII asyr binagärliginiň özboluşly nusgalarynyň biridir.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar. Jydyr düzi Şuşa şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin iň meşhur künjekleriniň biri bolupdyr. Geçmişde bu ýerde at çapyşyklary geçirilipdir. Jydyr düzünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Dostluk atly bedew sowgat berildi. Gahryman Arkadagymyz minnetdarlyk bildirip, bu sowgady mizemez türkmen-azerbaýjan dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň goňşy ýurda amala aşyran şu gezekki dostlukly sapary we onuň dowamynda geçirilen gepleşikler iki ýurduň hem däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...
During in the Revival of the new era of a powerful state large-scale reforms initiated by the National Leader, implemented at a high level under the wise leadership of our Hero Arkadagly Serdar signif...
On June 17, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring country of Kazakhstan. Our Hero Arkadagly Serdar took part in the second “Central Asia – China” summi...
In accordance with the instructions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections on June 9, 2025, delegation headed by...
In accordance with Articles 18, 19 and 26 of the Electoral Code of Turkmenistan, connection with the departure of one member from the election commission of the Dashoguz Velayat and on the basis of th...
On June 1-2, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov at the invitation of President Ukhnaagina Khurelsukh paid a state visit to the friendly country of Mongolia. Our esteemed President S...
On May 30, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov at the invitation of President Kassym-Jomart Tokayev, paid a working visit to the neighboring country the Republic of Kazakhstan. Our hono...
On May 16, 2025, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly Republic of Tatarstan of the R...