Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny gazanmak maksady bilen, tassyklanylan meýilnama laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri ýerlerde okuw maslahatlaryny geçirdiler.
Tamamlanyp barýan ýylyň 23–25-nji dekabry aralygynda geçirilen okuw maslahatlaryna Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy ýöretmek boýunça welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher, etrap, şäher häkimlikleriniň jogapkär wekilleri, şeýle hem welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň başlyklary gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, bu Kanun VI bapdan we 34 maddadan ybarat bolup, Türkmenistanyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň (saýlawçylaryň) bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunda saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy, saýlawlaryň ýa-da sala salşyklaryň geçirilýän möhletlerine garamazdan, hemişelik hereket edýänligi hem-de onuň maglumat gorunyň döwürleýin her ýarymýyllykda täzelenýändigi kesgitlenilýär.
Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy – bu diňe bir saýlawçylaryň sanly-elekton sanawy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, raýatlaryň saýlaw hukuklaryny durmuşa geçirmekde, giň demokratik esaslarda erkin we adalatly saýlawlary we sala salşyklary geçirmekde esasy resminamalaryň biridir.
Maslahatyň barşynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny, şol kanundan gelip çykýan, ýagny: döwlet sanawyny dolandyryjy, döwlet sanawyny ýöredijiler, döwlet sanawy, döwlet sanawynyň maglumat gory, maglumatlary saklamak we gaýtadan işlemek, döwlet sanawynyň maglumat gorundan peýdalanmak, döwlet sanawynyň esasy wezipeleri, welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, saýlaw toparlarynyň alyp barmaly wezipeleri barada ýörite taýýarlanylan slaýtlaryň üsti bilen giňişleýin düşünje berildi.
Mundan başga-da, Merkezi saýlaw topary tarapyndan taýýarlanylan kadalaşdyryjy hukuk namalary barada, has anygy:
– «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny ýörediji ýörite toparlary döretmegiň we olaryň işiniň tertibi hakynda»;
– «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny ýörediji ýörite toparlara saýlawçylar baradaky maglumatlary bermegiň görnüşi hakynda»;
– «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawynyň maglumat goruna girmek, ony ýöretmek we jogapkär adamlaryň jogapkärçiligi hakynda»;
– «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawynyň maglumat gorundan peýdalanmak hakynda» Tertipnamalar we olaryň mazmuny barada maslahata gatnaşyjylara gürrüň berildi. Okuw maslahatynyň barşynda sowal-jogaplar alşyldy.
Okuw maslahatlaryna gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda geçirilýän saýlawlaryň nusgalyk derejä çykarylmagy, saýlaw ulgamynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkyny ýetip gelen 2026-njy, Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...
On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...
On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....
On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...
In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...
During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...
On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...