TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

27 Dek

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Merkezi saýlaw toparynda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwletiň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar.  Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, şonuň esasynda-da jemgyýetimizi has-da demokratiýalaş-dyrmak boýunça ulgamlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda demokratiýanyň kämilleşýändigini, türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň, ähli gatlaklarynyň içki sazlaşygynyň doly keşbini beýan edýän, demokratik esaslarda geçirilýän saýlawlar hem aýdyňlygy bilen subut edýär. Raýatlaryň saýlamak we saýlanmak hukuklary bolsa olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinden gelip çykýan iň esasy syýasy hukuklarynyň biridir.

Saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmagy maksat edinip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak» ugry boýunça diňleýjileri şu ýylyň 27-nji dekabrynda Merkezi saýlaw toparynda önümçilik tejribesini geçdiler.

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilerine ýurdumyzda geçirilýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça Merkezi saýlaw topary tarapyndan alnyp barylýan işler, saýlaw toparlarynyň wezipeleri, düzümi, saýlaw ulgamy, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar, halkara tejribeleri, saýlaw kanunçylygyna girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler barada Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan giňişleýin düşünje berildi.   

Hormatly Prezidentimiziň dürli kärde zähmet çekýän  gullukçylaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge döredip beren mümkinçiliklerinden peýdalanyp,  ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden  hünärlerini ýokarlandyrmak ugry boýunça gelen diňleýjileriň arasynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda dürli wezipelerde zähmet çekýän adamlaryň bardygyny bellemek ýerliklidir. Önümçilik tejribesiniň dowamynda diňleýjiler saýlaw ulgamy, saýlaw kanunçylygy barada özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogaplary aldylar. Şunuň ýaly önümçilik tejribesiniň öň hem Merkezi saýlaw toparynda ençeme gezek geçirilendigini-de nygtamak bolar.

Önümçilik tejribesine gatnaşyjylar okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredip beren şertleri üçin Arkadag Prezidentimize öz hoşallyklaryny bildirdiler we Hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny ýetip gelen täze ýyl bilen, ýagny «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly bolan 2019-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutladylar.

H.Öwezow

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...

21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...

22 Iýul
Saýlaw ulgamynyň işi kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...

18 Iýul
Türkmen azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...