Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çäreleriniň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde okuw maslahatlary geçirildi.
Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleriniň alyp barmagynda şu ýylyň 28–30-njy ýanwary aralygynda geçirilen okuw maslahatlaryna welaýat, etrap, şäher, okrug we etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň wekilleri, şeýle hem welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň saýlaw işlerine ýardam bermek boýunça jogapkär wekilleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatlaryň barşynda ýurdumyzda saýlaw ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle-de, öňde boljak saýlawlary guramaçylykly geçirmegiň tertibi, has takygy, saýlaw kanunçylygy, saýlawlarda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, welaýat, etrap, şäher, okrug we etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary barada aýdylyp geçildi.
Şeýle-de, okuw maslahatlarynda dalaşgärleri hödürlemek we dalaşgärleri bellige almak möwsümi bilen baglylykda, syýasy partiýalar hem-de raýatlar toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemegiň, şeýle hem degişli saýlaw topary tarapyndan olary bellige almagyň tertibi hakynda giňişleýin düşündirildi. Mundan başga-da, saýlaw resminamalaryny doldurmagyň, saýlaw uçastoklarynyň araçäklerini kesgitlemegiň, şeýle hem degişli saýlaw toparlary tarapyndan ses bermegiň netijeleri hakynda teswirnamalary düzmegiň tertibi barada giňişleýin düşünje berildi.
Welaýat, etrap, şäher häkimlikleri tarapyndan saýlaw işlerine ýardam bermek boýunça alnyp barylmaly işler dogrusynda aýratyn nygtalyp geçildi.
Okuw maslahatlarynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryň demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolundaky möhüm ädimdigini we ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat bolup durýandygyny nygtap, saýlaw möwsüminiň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Okuw maslahatlaryna gatnaşyjylar ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgelerimize laýyklykda geçirmeklige ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize — Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...