l Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar

Habarlar

Makalalar

Wideo

Saýlawlaryň kanunçylyk binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda hem köpugurly demokratik özgertmeler amala aşyrylýar, ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalar kabul edilýär.

Ata-babalarymyz tarapyndan binýady berkden tutulan demokratik ýörelgeleriň milli esaslary häzirki wagtda saýlaw ulgamynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmekde gymmatly hazyna bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwer başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi esasynda, ýurdumyzda raýatlaryň hukuklary, azatlyklary we borçlary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda üpjün edilýär hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary bilen kepillendirilýär. Jemgyýetde her bir raýatyň öz hukuklaryna we kanunyň öňündäki borçlaryna doly hem-de dogry düşünmegini gazanmak, hukuk medeniýetini ösdürmek ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň bäşinji bölümi «Saýlaw ulgamy, sala salşyk» diýlip atlandyrylýar we bu bölümiň 10 sany maddasynda saýlaw hukugynyň esaslary beýan edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 119-njy maddasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ählumumy we deň saýlaw hukugynyň esasynda geçirilýär» diýlip bellenilýär.

Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, demokratik ýörelgelerden ugur alyp, saýlawlary aýanlykda we bäsleşik esasynda, guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.

Saýlaw toparlaryny döretmegiň tertibi, saýlaw möwsüminiň dowamynda dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak hem-de beýleki saýlaw  işleri bilen bagly kadalar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde beýan edilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we saýlaw kanunçylygy Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga bolan mümkinçiliklerini ählumumy, deň, göni, gizlin we erkin saýlaw hukugynyň esasynda kepillendirýär.

Aýanlyk şertlerinde göni saýlawlaryň geçirilmegi, Türkmenistanyň 18 ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga hukugynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilmegi saýlaw ulgamynyň hukuk binýadynyň berkdigine şaýatlyk edýär.

Halkara kadalaryna laýyk gelýän, demokratik esaslarda, agzybirlik hem asudalyk, ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçirilýän saýlawlar türkmen jemgyýetiniň kämilleşýändigini, raýatlaryň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga bolan hukuklarynyň kanun bilen berkidilendigini aýdyň görkezýär. Saýlawlaryň aç-açanlyk, aýanlyk ýagdaýynda geçirilmegi her bir saýlawça öz mukaddes raýatlyk borjuny ýerine ýetirip, mynasyp dalaşgäri saýlamaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, 2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda bolsa «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilmegi bu ugurda ýurdumyzda dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Eziz Diýarymyzda saýlawlary demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek üçin ähli zerur şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürlerniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny arzuw edýäris!

Aman Amanow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.

16.03.2026