l Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar

Habarlar

Makalalar

Wideo

Bagtyýar çagalar – durmuşymyzyň gülleri

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, bedew batly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde halkara derejesinde ykrar edilýär. Dost-doganlygyň, parahatçylygyň we döredijiligiň özboluşly baýramyna öwrülen Çagalary goramagyň halkara güni asuda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçirilýär. Çünki, çagalar ynsanyň dowamatydyr, durmuşyň gül-gunçalarydyr.

Dünýäde, şol sanda ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň 1-nji iýunda döwlet derejesinde bellenilmegi ýaş nesil hakynda edilýän tagallalaryň aýdyň beýanydyr. Çagalary goramagyň halkara gününiň milli senenamamyzyň şanly seneleriniň hataryna girizilmegi bolsa, hoşniýetli ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesliň hukuklary we bähbitleri babatda Milletler Bileleşiginiň esas goýujy kadalaryna ygrarlydygynyň güwäsidir. Çagalaryň hukuklary barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda hem «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar» diýlip kesgitlenilýär.

Bagtyýar çagalygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan Diýarynda –  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri agzybir halkymyzyň durmuşyna bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň ruhuny belende göterýär.

Ata-babalarymyzyň «Çaga – ömrüň dowamy», «Çaga – gol-ganatyň», «Çagany – ýaşdan, edebi – başdan», «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň – çägi» ýaly parasatly pähimlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir.

Täze taryhy döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işleriň özeninde ýaş nesiller hakynda edilýän aladalar öz mynasyp beýanyny tapýar. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer, sogaply işleriniň ähmiýeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çagalaryň bagtyna dörän bu ynsanperwer gazna halkymyzyň asylly ýörelgelerini – çagalara iň gowy zady bermek, olary goramak we söýgi bilen gurşamak ýaly ajaýyp milli häsiýetlerimizi dabaralandyrýar.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar çagalarymyzyň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertlerini döretmäge aýratyn üns berilýär.

Elbetde, ýene-de aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem her bir ene-ataň begenji, göz-guwanjy hasaplanylýan bagtyýar çagalaryň arasynda dürli döredijilik, zehin we aýdym-saz bäsleşikleriniň, festiwallaryň geçirilmegidir. Şunda ýurdumyzda ýylyň-ýylyna geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» ýaly şadyýan bäsleşikler ýaş nesilleriň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ata Watanymyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim-terbiýe almagy bilen birlikde, olaryň dünýä ülňülerine laýyk derejede dynç almaklary,  wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin hem ähli şertler döredilendir. Ýene sanlyja günden, bagtyýar çagalar güneşli Diýarymyzyň jana şypaly «Gökdere» jülgesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alşa başlarlar. Her güni şanly wakalara beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarymyzda baý many-mazmunly baýramçylyk dabaralary geçiriler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli we üstünlikli amala aşyrýar. Ýaş nesillere döwrebap bilim hem-de terbiýe bermek, zenanlaryň, çagalaryň saglygyny, bähbitlerinidir hukuklaryny goramak ýaly örän möhüm ugurlar boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Munuň özi, döwletimiziň bagtyýar nesiller üçin ýokary hilli ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bagly meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändigini, şeýle-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny äşgär edýär.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýyllarda ÝUNISEF bilen birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi. Hususan-da, «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy. Ýurdumyz 2024–2026-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem agzasydyr. Bu iri düzüm ýurdumyzda çagalaryň arasynda dürli çäreleriň, gyzykly bäsleşikleriň guralmagyna we olaryň täsirli geçirilmegine hem işjeň gatnaşýar.

Röwşen geljegimizi gurujylar, durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan ýaş nesillerimiz barada edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Durmuşymyzyň gülleri bolan mähriban çagalarymyzyň şatlykly gülküleri asuda Diýarymyzda hemişe belentden ýaňlanyp dursun!

Baýramyňyz gutly bolsun!

Merjen Kuliýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.

30.05.2026