l Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar

Habarlar

Makalalar

Wideo

Saýlaw toparlary demokratik ýörelgeler esasynda täzeden döredilýär

Demokratik döwletimizde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, giň gerimli işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus ýagdaýda rowana ýollarda rowaçlyklara beslenýär. Elbetde, bu guwandyryjy ýagdaýlar saýlaw ulgamyna hem mahsus bolup, üstümizdäki ýylda täze giň gerimli işlere badalga berildi. Munuň şeýledigine şu ýylyň 29-njy martynda degişli saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi, şeýle-de, iýun aýynda welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlarynyň täzeden döredilmegi hem doly şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmeginde, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edilmeginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparlarynyň möhüm ähmiýeti bardyr.

Häzirki günlerde bolsa, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, bu saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri guramaçylykly dowam edýär. Bu çäreleriň alnyp barlyşy barada gürrüň bermegini sorap, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy Maksatmyrat Geldiýew bilen söhbetdeş bolduk.

– Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda hereket edýän etrap, şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, olary täzeden döretmek üçin, şu günlerde saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek işleri dowam edýär. Söhbetdeşligimizi saýlaw toparlaryny döretmegiň we düzümine wekilleri hödürlemegiň tertibi we talaplary barada başlaýsak!

– Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlaryň demokratik ýörelgelere, milli kanunlarymyza, halkara kadalaryna laýyklykda we nusgalyk derejede guramaçylykly geçirilmeginde, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edilmeginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparlarynyň möhüm orny bardyr.

Mälim bolşy ýaly, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanýandygy sebäpli, olary täzeden döretmek, häzirki wagtda şol saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek boýunça işler dowam edýär. Bu saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda, guramaçylykly we demokratik şertlerde amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlary degişli welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher şäher saýlaw toparlary tarapyndan 11-15 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, şeýle-de jemgyýetçilik birleşikleriniň – Kärdeşler arkala-şyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem halk köpçüliginiň hataryndan düzülýän raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär. Raýatlar tarapyndan saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller hödürlenilende, şol etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlaryň azyndan ellisi gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär. Ýygnaga gatnaşýanlar bellige alynmaga degişlidir, bellige alyş sanawynda her bir saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, ýaşaýan ýeri görkezilýär.

Saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça geçirilýän mejlislerde, ýygnaklarda hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlenilýän mejlise, ýygnaga gatnaşýan her bir adamyň hödürle-nilýänler hakynda teklip girizmäge, olaryň ara alnyp maslahatlaşyl-magyna gatnaşmaga, olary oňlamaga ýa-da ret etmäge, saýlaw toparynyň düzümine hut özüni hem ara alnyp maslahatlaşmak üçin hödürlemäge haky bardyr. Her mejlisde, ýygnakda etrap, şäher saýlaw toparynyň düzümine üç wekil hödürlenilip bilner.

– Maksatmyrat, ýurdumyzda hereket edýän etrap, şäher saýlaw toparlarynyň sany barada we täze dörediljek saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrjak işleri barada aýdaýsaňyz.

Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça etrap, şäher saýlaw toparlarynyň jemi 57-si hereket edýär. Has takygy:

Ahal welaýatynda Ak bugdaý, Altyn asyr, Bäherden, Babadaýhan, Gökdepe, Kaka, Sarahs, Tejen etrap saýlaw toparlary; Balkan welaýatynda Balkanabat, Türkmenbaşy şäher we Bereket, Esenguly, Etrek, Magtymguly, Gyzylarbat, Türkmenbaşy etrap hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrap saýlaw toparlary; Daşoguz welaýatynda Daşoguz şäher we Akdepe, Boldumsaz, Garaşsyzlyk, Görogly, Gubadag, Köneürgenç, Ruhubelent, Şabat, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap saýlaw toparlary; Lebap welaýatynda Türkmenabat şäher we Çärjew, Darganata, Dänew, Döwletli, Farap, Garabekewül, Halaç, Hojambaz, Kerki, Köýtendag, Saýat etrap saýlaw toparlary; Mary welaýatynda Mary, Baýramaly şäher we Baýramaly, Garagum, Mary, Murgap, Oguzhan, Sakarçäge, Tagtabazar, Türkmengala, Wekilbazar, Ýolöten etrap saýlaw toparlary; Aşgabat şäherinde Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etrap saýlaw toparlary; Arkadag şäherinde Gorjaw, Karizek etrap saýlaw toparlary hereket edýär.

Etrap, şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl bolup, olar, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglaryny, etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň saýlaw toparlaryny, saýlaw uçastoklaryny we uçastok saýlaw toparlaryny döredýär, olaryň düzümine üýtgetmeler girizýär we işini utgaşdyrýar.

Etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her saýlaw okrugy boýunça saýlaw býulleteniniň ýazgysyny tassyklaýar, saýlaw resminamalarynyň blanklary, saýlaw býulletenleri bilen uçastok saýlaw toparlarynyň üpjün edilmegini guraýar. Saýlawçylaryň sanawlarynyň düzülişine we olaryň ilatyň dykgatyna ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar.

Etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna hödürlenilen dalaşgärleri bellige alýar, olara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar. Etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her saýlaw okrugy boýunça saýlawlaryň netijelerini takyklaýar. Etrap, şäher halk maslahatyna saýlanan agzalara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar.

Şeýle-de, etrap, şäher halk maslahatynyň çykyp giden agzasynyň ýerine saýlawlaryň geçirilmegini guraýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär, saýlawlara taýýarlyk görülmegini we olaryň geçirilmegini üpjün edýär. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde bellenilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

Häzirki wagtda welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlary tarapyndan etrap, şäher saýlaw toparlaryny täzeden döretmek bilen baglylykda, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar toparlary tarapyndan saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek işleri guramaçylykly dowam edýär. Etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän adamlaryň hödürlenilmegi täze dörediljek saýlaw toparlarynyň geljek bäş ýylyň dowamynda, öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda, ýurdumyzda saýlaw möwsüminiň ýokary taýýarlyk we guramaçylyk derejesini üpjün etmäge, demokratik esaslarda geçiriljek dürli görnüşli saýlawlara işjeň gatnaşjakdyklaryny aňladýar.

Şeýle-de, saýlaw toparlarynyň agzalygyna hödürlenilýän saýlaw hukukly raýatlaryň arasynda zenanlaryň we ýaşlaryň köpüsiniň bolmagy, hakykatdanam bu çäreleriň demokratik ýörelgeler esasynda amala aşyrylýandygyny äşgär edýär.

Ýurdumyzda milli demokratiýanyň sazlaşykly ösüşini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny yzygiderli üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

– Maksatmyrat, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

Gürrüňdeşligi ýazga geçiren H.Öwezow.

02.07.2026