Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça, Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz konsultatiw duşuşykda eden çuň manyly çykyşynda: Türkmenistan halklarymyzyň bähbitlerine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny saklamagyň we netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili boljak döwletara gural hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň formatyna örän möhüm ähmiýet berýär diýip nygtady.
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda, ýagny 15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Araly halas etmegiň halkara gaznasy sebit ýurtlarynyň Liderleri tarapyndan esaslandyrylyp, 1993-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda döredildi.
Gaznanyň ähli agzalary ýaly, Türkmenistan hem diňe bir giň gerimli milli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen çäklenmän, Aral sebitinde durmuş-ykdysady, ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine-de işjeň ýardam berýär.
Sammite gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, suw serişdeleri Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşinde esasy orun eýeleýär.
Sammitde hormatly Prezidentimiz çykyşynda şeýle diýdi: Türkmenistan halkara forumlarda Aral meselesiniň biziň sebitimiziň çäklerinden çykandygyny we hakykatdan-da, ählumumy tagallalary talap edýän dünýä derejeli meselä öwrülendigini hemişe nygtaýar. Biziň ýurdumyz öz başlangyçlaryny milli derejede, şeýle hem dünýä giňişliginde geçirilýän oňyn işleri bilen berkidýär.
Şeýle-de, 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça dostlukly ýurda iş saparyny amala aşyrdy.
Dostlukly häsiýete eýe bolan türkmen-täjik gatnaşyklary ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyz günüň ikinji ýarymynda «Kasri Millat» köşgüne bardy. Ol ýerde Täjigistanyň döwlet Baştutany çykyş edip, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki çözgüdi bilen, sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlaryň syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakda, bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlary halkara giňişlikde ösdürmekde ägirt uly hyzmatlary bitirendigi üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri dabaradaky çuň manyly taryhy çykyşynda özüne bu ýokary sylagyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, hemmeleri hormatly Prezidentimiz—Arkadagly Serdarymyzyň adyndan 2024-nji ýylda belleniljek akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramyna çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran bu taryhy saparynyň, hoşniýetli gatnaşyklary öňe sürýän ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň halkara derejesinde belende göterilýändiginiň hem-de ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolandygyny ýakymly duýgular we buýsanç bilen bellemek isleýäris.
On October 15, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov took part in the ceremony of laying the foundation stone of the complex for the production of mineral fertilizers at the S.A. Niyazov...
On October 9–10, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly Republic of Tajikistan. At the invitation of the President of Tajikistan Emomali Rahmon, our He...
On October 7, 2025, the National Leader of the Turkmen People, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring Republic of Azerbaijan a...
Turkmenistan, which actively pursues a foreign policy based on the principles of peacefulness, positive Neutrality and broad international cooperation, also develops effective relations within the fra...
A delegation from the Office for Democratic Institutions and Human Rights of the Organization for Security and Cooperation in Europe (OSCE) visited the capital from 14 to 18 September 2025. The purpos...
During in the Revival of a new epoch of a powerful state, industrialization of the country and expansion of the range of products based on local raw materials are important areas of the state strategy...
From August 31 to September 3, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov was on a working visit to friendly People’s Republic of China. At the invitation of the Chairman of the People’s Republic...
On September 1, 2025, opening ceremony of the International University of Industrialists and Entrepreneurs was held in the capital with the participation of the National Leader of the Turkmen people,...