Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 17-19-njy oktýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça, «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli geçirilen maslahata gatnaşdy.
Dünýä döwletleriniň arasynda Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ilkinji bolup ýola goýan Hytaý Halk Respublikasy häzirki wagtda ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir.
...Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda HHR bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Muny döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda HHR-e amala aşyran saparlarynyň jemleri hem nobatdaky gezek subut etdi.
2013-nji ýylda Si Szinpin tarapyndan teklip edilen «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasy dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp boldy. Bu başlangyjyň maksady has köp sanly ýurtlaryň gatnaşma-gynda hem-de gyzyklanma bildirýän döwletleriň serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Bu başlangyja eýýäm 150-den gowrak ýurt, halkara guramalaryň hem 30-dan köpüsi goşuldy. Şol bir wagtda, bu konsepsiýa Merkezi Aziýa, Ýewropa we Afrika ýurtlarynyň onlarçasyny birleşdirýän söwda-ulag geçelgeleriniň hereket edýänleriniň kämilleşdirilmegine, olaryň täzeleriniň döredilmegine gönükdirilendir. Agzalan taslama oňyn netijesini berýär hem-de BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady döredýär.
HHR-iň Halk ýygnaklar öýüniň merkezi girelgesinde Gahryman Arkadagymyzy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylaýar. HHR-iň Halk ýygnaklar öýüniň uly zalyna ýokary derejeli duşuşygyň resmi açylyşy boldy. Giň gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de iri halkara guramalaryň 30-dan köpüsinden wekiller, şol sanda döwlet Baştutanlary, guramalaryň, ministrlikleriň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin foruma gatnaşyjylara Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» taslamasynyň çäklerinde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, netijeli halkara gatnaşyklaryň maksatdyr wezipelerine bagyşlanan maksatnamalaýyn çykyşy bilen ýüzlendi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow forumda eden çuň manyly taryhy çykyşynda, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» türkmen strategiýasy many-mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geljekki geoykdysady landşafty baradaky garaýyşlaryna, şeýle hem Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýär. Şunda deňhukuklylyk, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we ykrar etmek, özara bähbitlilik, medeni, ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligine hormat goýmak esasy ýörelgeler hökmünde çykyş edýär. Hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmagyny aradan aýyrmak, energetika we ulag akymlarynyň birtaraplaýyn-lygyndan el çekmek, olaryň giň halkara gatnaşyklar üçin diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, elýeterliligini üpjün etmek türkmen tarapynyň çemeleşmesiniň möhüm ugry bolup durýar diýip belledi.
Gahryman Arkadagymyz «Dýaoýuýtaý» döwlet kabulhanasynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda netijeli döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň esasy çemeleşmeleri bellenildi.
Türkmen we hytaý halklarynyň arasynda dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleriniň berkidilmegine ýardam berýän däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine uly üns berildi. Kanun çykaryjy edaralaryň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň, HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň parlamentara dostluk toparynyň döredilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň dowamynda ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekine bolan iş saparynyň jemleýji gününde Halk ýygnaklar öýünde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyzy duşuşykda eden çuň manyly çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar iki müň ýyldan gowrak wagtdan bäri dowam edip gelýär. Beýik Ýüpek ýoly iki ýurdy we olaryň halklaryny ysnyşykly baglanyşdyrypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginden Ýewropa tarap geçen Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň şerti bolandygynyň hemmelere mälimdigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we HHR-iň Başlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän, uzak geljegi nazara alyp ýola goýulýan, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda ilerledilýän türkmen-hytaý hyzmatdaş-lygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň we Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...
On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...
On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...
On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....
On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...
In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...
During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...
On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...