Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda ösüş hem rowaçlyk ýolundan ynamly öňe gadam urýar. Ýurdumyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň baş badalgasydyr.
Döwlet Baştutanymyz Prezident wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, örän parasatlylyk bilen nygtady.
Elbetde, demokratik döwletimizdäki halk bilen döwletiň jebisligi bolsa, ähli ösüşleriň baş badalgasydyr.Ýeri gelende bellesek, eziz Diýarymyzda türkmen jemgyýetiniň jebisligini, ähli gatlaklarynyň içerki sazlaşygyny köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, demokratik ýörelgelere laýyklykda, guramaçylykly geçirilýän dürli derejeli saýlawlar hem aýdyňlygy bilen subut edýär. Çünki, saýlawlar syýasy ulgamyň, raýat jemgyýetiniň demokratiýalaşýandygynyň şöhlelenmesidir we netijesidir.
Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ata Watanymyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär we saýlaw ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär. Saýlawlar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir we raýatlaryň iň esasy syýasy hukuklarynyň biridir.
Saýlaw ulgamynyň işi bilen giňişleýin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak» ugry boýunça okaýan diňleýjileri nazary okuwlarda alan bilimlerini berkitmek üçin, 2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda önümçilik tejribesinde boldular.
Önümçilik tejribesinde olara saýlawlary demokratik esaslarda, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, saýlaw toparlaryň döredilişi we ygtýarlyklary, saýlaw ulgamy, saýlaw hukugy, saýlawlara sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, saýlaw ulgamynda halkara gatnaşyklary we halkara synçylary, şeýle hem 2023-nji ýylyň 26-njy martynda ýurdumyzda guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary, şeýle-de, 23-nji iýulda geçirilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary we olaryň jemleri barada giňişleýin düşünje berildi we gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.
Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen önümçilik tejribesine gatnaşyjylar täze eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasatyny mynasyp dowam etdirip, demokratiýanyň barha dabaralanýan ýurdunda – ata Watanymyzda okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Şeýle hem her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we tutuş türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar.
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...
On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...
On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....
On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...
In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...
During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...
On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...