Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşdy.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasy baradaky başlangyjy goldady. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek başlangyjyny hem öňe sürdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri amala aşyrylýar. Türkmenistan bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we pes uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «COP-28» maslahatynyň geçirilýän ýeri bolan «Dubai EXPO City» toplumyna bardy. Ol ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş mähirli garşyladylar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan gutlag sözünde belent mertebeli myhmanlara sammite gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Onuň gün tertibine tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan meseleler girizildi. BAE-niň Prezidenti «COP-28» maslahatynyň häzirki döwrüň esasy wehimleriniň birine garşy durmakda tagallalary birleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirip, ählumumy howa meselelerini çözmäge niýetlenen täze gaznanyň döredilýändigini habar berdi.
Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş sammite gatnaşyjylara ýüzlendi. Ol dünýä bileleşigini howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça toparlaýyn hereketleri çaltlandyrmaga çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «COP-28» maslahatynda eden çuň manyly çykyşynda bu mesele boýunça ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýar. BMG-niň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatyndan, soňraky iri forumlardan we Türkmenistanyň häzirki tagallalaryndan başlap, ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde dowamatlylygy hem-de yzygiderliligi üpjün etmek bu strategiýada kesgitleýji orny eýeleýär.
Şu gün bu belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan edýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselelerinde özara gatnaşyklar howanyň üýtgemegi ulgamyndaky halkara gün tertibiniň wajyp meseleleriniň hatarynda görkezildi.
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda amala aşyrýan işlerine, oňyn başlangyçlaryna hem-de bu ugurda ileri tutulýan ählumumy wezipeleri çözmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum hem-de BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz adyndan we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýokary wezipeli wekili Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni bilen gutlady we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, dostlukly döwletiň ähli halkyna bagtyýarlyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belläp, Emirlikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimize BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň adyndan mukaddes Gurhanyň aýatlarynyň altyn suw bilen ýazylan ýörite sowgady gowşuryldy.
Arkadagly hajy Serdarymyz sowgady minnetdarlyk bilen kabul edip, muňa depginli ösdürilýän hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan dostlukly türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşany hökmünde garaýandygyny aýtdy.
In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...
On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...
On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...
On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....
On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...
In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...
During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...
On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...