CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

09 Feb

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Azerbaýjan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.  

Saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek işlerini Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary we 125 sany okrug saýlaw toparlary amala aşyrdylar.

Azerbaýjan  Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermegi geçirmek üçin 6537 saýlaw uçastogy (şol sanda 49-sy daşary ýurtlarda) döredildi. Şol saýlaw uçastoklarynyň 1000-sinde ýörite wideo kameralar gurnalypdyr.  

Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň berýän maglumatyna görä, saýlawlarda halkara synçylarynyň 790-sy saýlawlaryň geçirilişine syn etdiler. Şeýle hem akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 109 –sy gatnaşdy.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Mazahir Panahow bilen duşuşdylar. Şeýle hem şol gün ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.N.Lebedewiň ýolbaşçylygynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň geňeşine-de gatnaşdylar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlaryň gutarnykly jemi baradaky habaryna görä, hasaba alnan 6 million 478 müň 840 saýlawçydan 76,73 göterimi ses bermäge gatnaşdy.

Saýlawlaryň netijeleri boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda bäsleşen 7 dalaşgäriň arasynda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň 92,12 göteriminiň sesini alan häzirki döwlet baştutany Ilham Aliýew Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlandy.

25 Dec
Training seminars were held

In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...

25 Dec
An informal meeting of the Heads of State of the CIS member states was held in Saint Petersburg

On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...

24 Dec
Meeting Held with Representatives of the UNDP Office in Turkmenistan

On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...

23 Dec
The First “Central Asia-Japan” Dialogue Summit

On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....

10 Dec
A training seminar was held

On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...

04 Dec
International cooperation in the election system

In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...

02 Dec
Election commissions of the newly formed etraps have been formed

During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...

28 Nov
Turkmen-Kazakh cooperation – is strengthening and reaching new heights

On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...