Mälim boşy ýaly, 2024-nji ýylyň 23-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygy barada habar berildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu resminama dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini görkezýär. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Ýurdumyzyň halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagyna gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Döwlet Baştutanymyzyň sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň teklibi boýunça birnäçe Kararnamalary kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlendi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnamanyň kabul edilendigine ünsi çekdi.
BMG-ä agza ýurtlaryň Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, oňa 86 ýurduň awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu başlangyjy goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary we ähli watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...
On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...
On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...
On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....
On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...
In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...
During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...
On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...