CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

19 Sept

Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: «Merkezi Aziýa –Germaniýa» sammiti

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýy­lyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy.

Ýeri gelende aýtsak, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýanyň Federal Kansleriniň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli altytaraplaýyn gepleşikleriň ilkinjisi geçen ýylyň sentýabrynda Berlinde geçirilipdi. Şol duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Netijeli türkmen-german hyzmatdaş-lygynyň pugtalandyrylmagynyň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şol taryhy duşuşyga gatnaşyp, Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär.

Howa menzilinden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne tarap bardy. Köşgüň eýwanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli mübärekledi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, sebit kooperasiýasyna gatnaşýandygy we goldawy üçin hoşallyk bildirdi. Soňra, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna, ýagny, hormatly Prezidentimize söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, ilki bilen, Gazagystanyň Prezidentine myhmansöýerlik we işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitinde eden çuň manyly çykyşynda: «Türkmenistan sebit parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň gazanylmagyny we üpjün edilmegini biziň bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleri hasaplaýandygyny nygtady.

 Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky has ýakyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler diýip hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýany parahat, asuda, ykdysady taýdan özüne çekiji sebit, durnuklylygyň we açyklygyň giňişligi hökmünde görmek baradaky meýilleriniň umumylygyndan ugur alyp, tagallalary dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy arkaly birleşdirmegiň zerurdygyny belledi».

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bu formatyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Şeýle-de, iş saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Germaniýanyň Hökümetiniň Baştutany we meşhur nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

06 Jan
A new Law has entered into force

On June 28, 2025, the Law of Turkmenistan «On the Unified State Register of Voters» was adopted. The law entered into force on January 1, 2026. Thus, this law, which entered into force on January 1...

25 Dec
Training seminars were held

In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...

25 Dec
An informal meeting of the Heads of State of the CIS member states was held in Saint Petersburg

On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...

24 Dec
Meeting Held with Representatives of the UNDP Office in Turkmenistan

On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...

23 Dec
The First “Central Asia-Japan” Dialogue Summit

On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....

10 Dec
A training seminar was held

On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...

04 Dec
International cooperation in the election system

In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...

02 Dec
Election commissions of the newly formed etraps have been formed

During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...