2025-nji ýylyň 18–21-nji fewraly aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň hem-de BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda «BRIDGE» maksatnamasy esasynda, «Saýlawlaryň dolandyrylyşyna giriş» atly dört günlük okuw maslahaty geçirildi.
BMGÖM-niň «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynyň çäklerinde geçirilen okuw maslahatyna Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleri, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher hem-de käbir etrap saýlaw toparlarynyň, syýasy partiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň açylyşynda Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasary A.Gandymow we BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç çykyş etdiler. Olar bu bilelikde geçirilýän çäräniň geljekde ýurdumyzda saýlawlary halkara ülňülerine laýyklykda geçirmekde okuw maslahatyna gatnaşyjylar üçin netijeli boljakdygyny nygtadylar.
Şu geçirilen okuw maslahaty Taslama resminamasynyň çygrynda göz öňünde tutulan okuw maslahatlarynyň ikinjisidir.
Milli hünärmenlerimizi saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdyrmak maksadyndan ugur alnyp geçirilen okuw maslahatyny Gruziýa Respublikasyndan gelen, BMGÖM-niň halkara bilermenleri Natiýa Kaşakaşwili we Şalwa Skhakaýa alyp bardy.
Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda halkara bilermenleri saýlawlary halkara derejesinde ykrar edilen ülňülere laýyklykda geçirmek, saýlaw işini meýilleşdirmek, saýlawçylary bellige almakda elektron tehnologiýalary ulanmak, gender deňligi hem-de saýlaw işleriniň demokratik şertlerde amala aşyrylmagynda saýlaw edaralarynyň tutýan orny barada giňişleýin düşünje berdiler. Şeýle hem bu barada okuw maslahatyna gatnaşan wekilleriň hem pikirleri, garaýyşlary diňlenildi. Okuw maslahatynyň barşynda gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.
Halkara bilermenler okuw maslahatyna gatnaşan wekilleriň işjeňlik görkezendiklerini aýratyn belläp, munuň üçin olara sagbolsun aýtdylar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen bu okuw maslahatyna gatnaşyjylar BMGÖM-sy bilen saýlaw ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Taslama resminamasynyň çäklerinde, geljekde hem şunuň ýaly çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...
During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...
On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...
Under the wise leadership of our esteemed President, scale of our country’s cooperation with prestigious international organizations is increasingly expanding. With permission of our esteemed Presiden...
From November 4 – 7, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the United States of America. At the invitation of US President Donald Trump, our esteemed President too...
On November 2, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov made a working visit to the Balkan velayat. Our Arkadagly Hero Serdar participated in the laying ceremonies for a carbamide production com...
On October 24-25, 2025, at the invitation of the President of Italy Sergio Mattarella, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a visit to the friendly Italian Republic. The relations betw...
On October 20, 2025, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov got acquainted with the progress of construction of the Turkmen...