2026-03-31
2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlaryň netijeleri jemlenildi, tassyklanyldy we yglan edildi.
Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary we edarasynyň işgärleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G. Myradow mejlisi açyp, mejlise gatnaşyjylary mejlisiň gün tertibi bilen tanyşdyrdy. G.Myradow mart aýynyň soňky ýekşenbesinde bolan saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda, bäsleşik, açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçirilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolandygyny aýratyn belledi.
Şeýle-de, saýlawlaryň saýlaw okruglarynyň 363-sinde geçirilendigini, has anygy: täze döredilen etraplarda saýlaw okruglarynyň 140-synda, ygtyýarlyk möhleti tamamlanmazdan öň çykyp giden Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 5-sinde, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 3-sinde, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 12-sinde, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça bolsa saýlaw okruglarynyň 203-sinde geçirilendigini belledi.
Soňra mejlisiň gün tertibine laýyklykda, welaýat we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň hasabatlary diňlenildi.
Bu saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryna laýyklykda, saýlaw möwsüminiň dowamynda ähli saýlaw işine degişli çäreler hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyk derejede öz wagtynda geçirildi. Saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän saýlaw uçastoklarynyň 578-sinde ses bermek çäresi saýlawlar güni sagat 07:00-dan 19:00-a çenli guramaçylykly geçirildi. Şeýle hem öňünden ses bermek çäresi 2026-njy ýylyň 19-njy martyndan 28-nji marty aralygynda saýlaw uçastoklarynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçirildi. Saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, saýlawlaryň geçýän döwründe hem saýlawçylaryň işjeňligi syýasy-jemgyýetçilik çäräniň esasy aýratynlygy boldy.
Şeýlelikde, saýlawçylar täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 91,14 göterim, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 92,26 göterim, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 91,47 göterim, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 91,06 göterim, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 91,20 göterim ses berdi. Şunuň bilen baglylykda, täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hödürlenilen 285 dalaşgärden 140 agzanyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna hödürlenilen 14 dalaşgärden 5 deputatyň, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna hödürlenilen 9 dalaşgärden 3 agzanyň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna hödürlenilen 25 dalaşgärden 12 agzanyň, geňeşleriň agzalygyna hödürlenilen 426 dalaşgärden 203 agzanyň saýlanylandygy yglan edildi. Ähli saýlaw okruglarynda bir ýer üçin iki we şondan köp dalaşgär bäsleşdi.
Saýlawlar bilen baglanyşykly çäreleriň ähli tapgyrlarynyň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen we dalaşgärleriň özleriniň bellän milli synçylaryň 667-si syn etdi. Saýlaw möwsüminiň ähli tapgyry hereket edýän milli kanunçylyga we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda guraldy.
Şeýle-de, bu mejlisde saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriniň habarlary diňlenildi. Habarlardan mälim bolşy ýaly, milli synçylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde we hiç hili düzgün bozulmasyz geçirilendigini nygtadylar.
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy mejlise gatnaşanlara ýüzlenip, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlaw okruglarynda geçirilen saýlawlary guramaçylykly geçirmäge gatnaşanlara, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine saýlaw möwsüminiň maglumat taýdan netijeli üpjün edilendigi we ony guramaga jogapkärli gatnaşandyklary üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň 29-njy martynda geçirilen bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmeklige ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, saýlananlaryň sanawlary ýakyn günlerde ilatyň dykgatyna ýetiriler.
