Habarlar

Makalalar

Wideo

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

2026-06-11

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2026-njy ýylyň 7-nji iýunynda geçirilen Ermenistan Respublikasynyň Milli Geňeşiniň deputatlarynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Ermenistan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.

Saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek işlerini Ermenistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary, 38 sany okrug saýlaw toparlary we 2005 sany uçastok saýlaw toparlary amala aşyrdylar.

Saýlawlar Ermenistan Respublikasynyň Konstitusiýasy, Ermenistan Respublikasynyň Saýlaw kodeksi, saýlawlara taýýarlyk görlüşini we onuň geçirilişini düzgünleşdirýän beýleki kanunçylyk namalary hem-de Ermenistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň kararlary esasynda geçirildi.

Ermenistan Respublikasynyň Milli Geňeşiniň deputatlarynyň saýlawlary proporsional saýlaw ulgamy we bütin ýurduň çägini öz içine alýan köp mandatly bir saýlaw okrugy boýunça deputatlyga hödürlenilen dalaşgärleriň sanawy esasynda geçirildi.

Ermenistan Respublikasynyň Milli Geňeşiniň deputatlygyna 25 ýaşy dolan, soňky 4 ýylyň dowamynda diňe Ermenistan Respublikasynyň raýaty bolan, şeýle-de soňky 4 ýylyň dowamynda Ermenistan Respublikasynda hemişelik ýaşaýan we saýlaw hukugy bolan hem-de ermeni dilini bilýän adamlar saýlanyp biler.

Parlamentiň mandatyna eýe bolmak üçin syýasy partiýalar ýurt boýunça saýlawçylaryň 4%, iki partiýadan ybarat bolan syýasy partiýalaryň bileleşigi 8%, üç we ondan köp partiýadan ybarat bolan syýasy partiýalaryň bileleşigi 10% sesini almalydyrlar.

Saýlawlarda syýasy partiýalaryň 16-synyň we syýasy partiýalaryň bileleşiginiň 2-siniň sanawyna girizilen jemi 1943 dalaşgär bäsleşdi.

Saýlawlar güni ses bermek ýerli wagt bilen sagat 08:00-dan 20:00-a çenli geçirildi we saýlawçylaryň şahsyýetini we hasaba alnandygyny anyklamak hem-de şol bir saýlawçynyň ýene-de gaýtadan ses bermeginiň öňüni almak üçin, saýlaw uçastoklarynda VAD tehniki enjamlary ulanyldy.

Şeýle-de, saýlawçysynyň sany 300-den köp bolan saýlaw uçastoklarynyň 1774-sinde saýlawlar güni ses bermegiň geçirilişi we sesleri sanamak işleri sanly ulgam – wideogözegçilik arkaly göni ýaýlymda görkezildi.

Ermenistan Respublikasynyň Migrasiýa gullugunyň we Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawynda 2 million 485 müň 232 saýlawçy hasaba alyndy.

Ermenistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlaryň jemi baradaky habaryna görä, Ermenistan Respublikasynyň Milli Geňeşiniň deputatlarynyň  saýlawlarynda umumy saýlawçylaryň 58,97 göterimi ses bermäge gatnaşdy.

Şeýlelikde, deslapky maglumatlara görä, ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň köpüsini, ýagny 49,81 göterimini alan Ermenistan Respublikasynyň premýer-ministri Nikola Paşinýanyň ýolbaşçylyk edýän «Raýat şertnamasy» partiýasy aldy.

Ermenistan Respublikasynyň Milli Geňeşi azyndan 101 deputatdan ybarat bolup, olaryň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 7-nji iýunynda ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary Nurlan Seýtimowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine-de gatnaşdylar.