(Maglumat 2025-nji ýylyň ýanwar aýy ýagdaýyna görä taýýarlanyldy)
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary 1992-nji ýylda döredildi.
Toparyň resmi ady – «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar».
Toparyň gysga ady – «Merkezi saýlaw topary» ýa-da «Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary».
Merkezi saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.
Toparyň düzümi on bäş adamdan – başlykdan, başlygyň orunbasaryndan, kätipden we on iki agzadan ybaratdyr. Onuň 15 agzasynyň 5-si (33,3 göterimi) zenanlardyr.
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy, başlygynyň orunbasary, kätibi onuň edarasynda hemişelik esasda işleýär, on iki agzasy bolsa öz ygtyýarlyklaryny jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda amala aşyrýar.
Merkezi saýlaw toparynyň kararlary açyk ses bermek arkaly sesleriň köplügi esasynda kabul edilýär.
Toparyň işi mejlisler görnüşinde amala aşyrylýar. Mejlisler onuň ygtyýarlygyna degişli meseleleri erkin, açyk ara alyp maslahatlaşmak esasynda geçirilýär.
Merkezi saýlaw toparynyň agzasynyň syýasy partiýalaryň hataryndaky agzalygy şol döwürde wagtlaýyn togtadylýar. Bu kada onuň edarasynyň işgärlerine hem degişlidir.
Merkezi saýlaw toparynyň işiniň guramaçylyk, hukuk, tehniki, maglumat üpjünçiligi onuň hemişelik hereket edýän edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Edara 2007-nji ýylyň 16-njy fewralynda döredildi we oňa Merkezi saýlaw toparynyň başlygy ýolbaşçylyk edýär.
2016-njy ýylda Merkezi saýlaw toparynyň «www.saylav.gov.tm» atly internet saýty, 2021-nji ýylda bolsa Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölümi döredildi.
Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň ýyllyk iş meýilnamasy Merkezi saýlaw toparynyň başlygy tarapyndan tassyklanylýar.
Şeýle-de, her saýlaw möwsüminde saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy taýýarlanylyp, Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde tassyklanylýar we saýlaw toparlary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, häkimlikler, degişli ministrlikler we edaralar tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Merkezi saýlaw toparynyň işi we ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine laýyklykda düzgünleşdirilýär.
Türkmenistanyň saýlaw toparlarynyň ulgamynda:
1) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar;
2) welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher saýlaw toparlarynyň 7-si;
3) etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň saýlaw toparlarynyň 50-si;
4) okrug saýlaw toparlarynyň 125-si;
5) etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň saýlaw toparlarynyň 573-si;
6) uçastok saýlaw toparlarynyň 2639-sy, şol sanda 42-si daşary ýurtlarda hereket edýär.
Umuman, alty derejeli saýlaw toparlarynyň ulgamynda 3395 sany topar hereket edýär we olaryň agzalarynyň jemi sany 23726-a deňdir.
Bu saýlaw toparlarynyň ygtyýarlylyk möhleti bäş ýyldyr we olaryň agzalary öz ygtyýarlyklaryny jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda amala aşyrýarlar.
Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlary ýurdumyzyň degişli dolandyryş-çäk birlikleri boýunça döredilýär, okrug we uçastok saýlaw toparlary bolsa, şol dolandyryş-çäk birliklerindäki saýlawçylaryň sanyna laýyklykda döredilen saýlaw okruglary we uçastoklary boýunça döredilýär.
Mundan başga-da, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda: arza-şikaýatlar bilen işlemek; gözegçilik-derňew; halkara guramalary bilen işlemek; köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işlemek we milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparlary hem hereket edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Saýlaw kodeksi, saýlawlar boýunça gollanmalar, ýatlamalar, düzgünnamalar, habarlar, maglumatlar Merkezi saýlaw toparynyň «www.saylav.gov.tm» atly internet saýtynda ýerleşdirilýär.
Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işiniň maliýe üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Merkezi saýlaw topary ýuridik şahsdyr.
Merkezi saýlaw toparynyň ýerleşýän ýeriniň salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 44-nji jaýy.
Tel: 44-67-33, faks: 44-67-28, 44-67-35.
Türkmenistan boýunça döredilen saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany barada
MAGLUMAT
T/b |
Welaýatyň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäheriň ady |
Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany |
Etrap, etrap hukukly şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany |
Okrug saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany |
Etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany |
Uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany |
JEMI |
1 |
ARKADAG |
11 | 22 | 7 | 7 | 47 | |
2 |
AŞGABAT |
11 | 44 | 187 | 2772 | 3014 | |
3 |
AHAL |
11 |
77 |
176 |
686 |
2087 |
3037 |
4 |
BALKAN |
11 |
99 |
110 |
350 |
1585 |
2155 |
5 |
DAŞOGUZ |
11 |
88 |
297 |
945 |
3388 |
4729 |
6 |
LEBAP |
11 |
101 |
286 |
945 |
3671 |
5014 |
7 |
MARY |
11 |
121 |
319 |
1150 |
4114 |
5715 |
Jemi |
77 |
552 |
1375 |
4083 |
17624 |
23711 |