TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

WATANA ŞAN BEREN GAHRYMAN ARKADAGYMYZ!

Pederlerimiziň mähri siňen ata Watanymyzda ruhubelent halkymyzyň her güni rowaçlyklara beslenip, toýlarymyz toýa ulaşýar. Her ýylyň 29-njy iýuny hem Diýarymyz üçin iňňän uly işleri amala aşyran Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni bolup, bu ajaýyp senäni halkymyz toý-dabaralara besleýär.

Milli Liderimiziň başlangyçlary netijesinde, ykdysadyýetimiz bazar gatnaşyklaryna we sanly ulgama, innowasion tehnologiýalara geçmek bilen, barha kuwwatlanýar, syýasatda, medeniýetde we ylymda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler häzir bütin dünýäni haýrana goýýar. Ýurdumyzda gazanan üstünliklerimiziň, ýeňişlerimiziň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan uly üstünlikler watansöýüji halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan ulgamlaýyn we maksatnamalaýyn işleriň rowaçlyklara ýar bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Berkararlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmegini üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrdy. Elbetde, bu özgertmeler iňňän oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmegi talap edýär. Munuň şeýledigine, «Meniň iň ygtybarly daýanjym halkym bolar!» diýip, döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe ähli yhlas-tagallasyny zähmetsöýer halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdiren milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky bu gün Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň döredijilikli ýoly bilen ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň öz hal­ky­na bo­lan çäk­siz söý­gü­si, umumadam­zat äh­mi­ýet­li çek­ýän zäh­me­ti ata Wa­tany­my­zyň abraý-mertebesini beý­gel­dip, Diýary­my­zy bag­ty­ýar­ly­gyň ýur­du­na öwür­di.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda halk bilen döwletiň bitewüligi, jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň baş badalgasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymaty Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleriň özeni boldy. Hut şonuň üçin-de, bu gün bagtyýar Watanymyzda ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň kalby Gahryman Arkadagymyza bolan mähirli alkyşlardan, hoşallyklardan doludyr.

Ata Watanymyzda milli kanunçylyk ata-babalarymyzyň demokratik ýörelgeleri hem-de dünýä tejribesi bilen utgaşdyrylyp, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Jemgyýetiň batly depginler bilen ösüşi kämil we döwrebap kanunçylygy talap edýär. Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň taryhynda möhüm waka hökmünde ilkinji gezek 2021-nji ýylyň 28-nji martynda demokratik kadalar esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlara Gahryman Arkadagymyzyň hem dalaşgär hökmünde gatnaşyp, täze palatynyň agzalygyna saýlanmagy, soňra bolsa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanylmagy ýatdan çykmajak buýsançy taryhy waka öwrüldi.

Mundan başga-da, şu ýylyň 11-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Munuň özi belent maksatlara ýetmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrdy.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan türkmeniň baky sarsmaz döwletiniň binýatlyk esaslaryny berkitmekde, ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, gözel Diýarymyzy bagtyýarlygyň mekanyna öwürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokary götermekde bimöçber uly işler durmuşa geçirildi.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde il-ýurt ykbalyna dahylly, giň gerimli, umumadamzat ähmiýetli işleri amala aşyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlarynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde Watanymyzyň ösüşleriniň dowamat dowam bolýandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek.

Şu şatlykly günlerde Gahryman Arkadagymyzy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç, başy aman, mertebesi belent bolsun!

 

Merkezi saýlaw topary.