TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ORAZA – RUHY TÄMIZLIGIŇ BAÝRAMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan baý tejribesi dowam etdirilip, ata-babalarymyzdan gelýän urp-adatlar, asylly ýörelgeler döwrebap öwüşginde baýlaşdyrylýar. Biziň ajaýyp zamanamyzda milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat bilen garalýar. Olary dikeltmek, ösdürmek, wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda mukaddes Oraza baýramy-da bar. Bu baýram gününde ak mermerli paýtagtymyzda, eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda halkymyzy has-da jebisleşdirýän, bagtyýar nesillerimizde ynsanperwerlik we watansöýüjilik duýgularyny terbiýeleýän baý mazmunly baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasat bilen belleýşi ýaly, döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan Oraza baýramynyň üstünliklere ruhlandyrýan milli öwüşgindäki dabaralary ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly bolup galýandygymyzy, milli jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýandygymyzy alamatlandyrýar.

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň: «Ýigrimi dört sagat, on iki aýda, Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip taryplan mukaddes aýynda adamlar ýagşylyk we ynsanperwerlik barada, megerem, adatdakydan kän oýlanýandyrlar. Çünki, mukaddesliklere we ruhy gymmatlyklara baý bolan Remezan aýynyň dowamynda ýurt derejesinde amal edilýän sahawata ýugrulan beýik işler tutuş jemgyýeti, onuň her bir agzasyny haýyr-sogaply işlere atarýar.

Oraza – musulman senenamasynyň dokuzynjy aýydyr. Şol döwürde musulmanlar 30 gün agyz bekläp, Oraza tutýarlar we aýyň ahyrynda bolsa Oraza baýramyny belleýärler.

Agyz beklemek musulmançylykda ýerine ýetirilmegi parz edilen ybadatlaryň biridir. Mübärek Oraza aýynda agyz beklemegiň özi ynsanyň ruhy taýdan päklenip, ahlak taýdan kämilleşmeginde uly ähmiýete eýedir. Bu döwürde adamyň bedeni, aňy we ruhy dünýäsi ajaýyp sazlaşygy emele getirýär, ruhy dünýämiz gözelleşýär, şatlanmaga, özgelere şatlyk eçilmäge hem-de daş-töweregimizi gurşap alan tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga höwes artýar. 

Mukaddes Oraza aýy ruhy taýdan tämizligiň hem-de ýagşy amallary etmegiň, günäli pikirlerden dynmagyň we Gudraty güýçlä bolan wepalylygyňy güýçlendirmegiň wagtydyr.

Oraza aýynda agyz beklemegiň sogaply we peýdaly taraplary köpdür. Oraza tutmak bilen biz bedeni taplaýarys. Oraza adamy erbet sözleri aýtmakdan, nebsewürlikden, açgözlükden goraýar. Bu aý halkymyzda sahawatyň we kanagatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy hökmünde derejelenýär. Oraza aýy tutuşlygyna sogaba, päklige beslenen aýdyr. Bu aýda bäş parzyň biri bolan agyz beklemek parzy berjaý edilýär, öýke-kineler unudylýar, günäler bagyşlanylýar.

Oraza aýy mynasybetli agzybir raýatlarymyz tarapyndan agzaçar sadakalary berlip, ähli şäherdir oba ýerlerinde ýerleşýän metjitlerde tarawa namazlary okalyp, ýurdumyzyň parahat, asmanymyzyň asuda, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamak hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwletli işlerinde üstünlikleriň hemişe ýaran bolmagy arzuwlanyp, doga-dilegler edilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda remezan aýynda bellenilýän Gadyr gijesine uly ähmiýet berilýär. Çünki, bu gije yslam äleminde mübärek hasaplanýan dört gijäniň biridir. Indi ol ençeme ýyllardan bäri rehimdarlygyň we ruhy päkizeligiň gijesi hökmünde­-de adamlaryň aňyna berk ornady. Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, iş kesilen we eden etmişine ökünýän raýatlaryň günäsiniň geçilmegi hem ata-babalarymyzyň rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleriniň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň Oraza baýramyny döwlet derejesinde bellemek hakynda kabul edýän Permanynyň esasynda, tutuş halkymyz merdana pederlerimiziň ynsanperwer ýörelgelerine laýyklykda, Oraza baýramyny agzybirlikde belläp geçýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da bu mukaddes aý halkymyzyň we ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen dabaralanýar.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ýörelgelerimize, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan baý tejribesine esaslanyp, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän ynsanperwer syýasat alnyp barylýar. Ýurdumyzyň her bir maşgala ojagynyň bagtyýarlygy, halkymyzyň durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça döwlet maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, täze sepgitlere ýetilýär.

Oraza baýramy biziň durmuşyň ähli gowulyklaryna bolan ynamymyzy pugtalandyrýar, saýlap alan ýolumyzda ýokary sepgitlere ýetmek üçin güýjümizi artdyrýar. Mähriban ildeşler, remezan aýynda we Gadyr gijesinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, tarawa namazlaryňyz, beren sadakalaryňyz, okan aýatlaryňyz, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna eden doga-dilegleriňiz beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyz Oraza baýramyny agzybirlikde belleýär. Bu ajaýyp baýramyň baý öwüşginli dabaralary ildeşlerimiziň kalbyna egsilmez şatlyk, ylham we joşgun paýlaýar.

Goý, halkymyzyň dünýä nusgalyk däp-dessurlaryna, medeni gymmatlyklaryna aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik maksatly tutumlary hemişe rowaç alsyn!

Oraza baýramyňyz gutly bolsun, eziz watandaşlar!

 

Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.