Şahsy göreldesi ösüp gelýän nesli sazlaşykly terbiýelemek işinde örän uly orun eýeleýän Milli Liderimiziň tutumly işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty wagyz etmek boýunça nusgalyk işler alnyp barylýar.
Asylly däbe görä, her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şeýle-de, ildeşlerimiziň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň birnäçesinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli baýramçylyk sport çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Munuň özi Türkmenistanyň sagdyn durmuş kadalaryna, parahatçylygyň we sagdynlygyň aýrylmaz bölegi bolan halkara sport we ekologiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny, mähriban halkymyzyň bitewiligini we jebisligini Ýer ýüzüne äşgär edýär.
Aslyýetinde, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň döredilen gününden iki ýyldan soň, has takygy 1950-nji ýylyň 7-nji aprelinden bäri Bütindünýä saglyk güni halkara derejesinde bellenilip geçilýär.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişde ildeşlerimiziň müňlerçesi paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen sazlaşykly hereket edip, welosipedli ýörişi amala aşyrýarlar. Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň guralmagy halkymyzda aýratyn ruhubelentlik döredýär. Welosiped sürmek sportuň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Çünki sport we bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgelerini öz içine alyp, halkyň sagdyn pikirli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagyna getirýär.
Saglyk adamyň durmuşynda iň wajyp baýlyklaryň biridir. Saglyk gününi bellemek bu baýlygy saklamaga we saglyk bilen bagly wajyp taraplary ýatda saklamaga ajaýyp mümkinçilikdir. Saglyk gününiň maksady sagdyn ýaşaýşy öňe sürmek, keselleriň öňüni almak we adamlary öz saglygy üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga höweslendirmekdir.
Eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, ynsan saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda dünýä ülňilerine gabat gelýän halkara saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň, iri sport hem-de atçylyk sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň, Olimpiýa şäherçesiniň gurlup, ulanmaga berilmegi, döwrebap sport düzümleriniň döredilmegi muny aýdyň tassyklaýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň kemala gelmeginde ygtybarly binýat bolup durýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Muňa ýurdumyzda birnäçe keselleriň aradan aýrylandygy barada gowşurylan sertifikatlar hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çärelere ýokary baha berýändigi hem şaýatlyk edýär.
Saglyk ýoly hem bu ugurda döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolup durýar. Köpetdagyň gözel gerişlerinden çekilen bu täsin ýoda aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň işjeň dynç alýan ýeriniň biridir.
Indi Türkmenistan dünýä we sebit derejesindäki iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Eziz Watanymyzyň bu ugurdakу üstünlikleri abraýly halkara guramalary tarapyndan ykrar edildi. Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz dünýäde olimpiýa hereketini ösdürmäge hem mynasyp goşant goşýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan ösen sport ulgamly, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde uly tejribesi bolan, halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň gatnaşýan ýurtlaryň biri bolup durýar. Muňa mysal edip, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesini, 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şeýle-de 2018-nji ýylda geçirilen «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyny, agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny hem-de beýleki halkara derejedäki ýaryşlary görkezmek bolar. Bu işleriň ählisi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany bolan Bitarap döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da ýokarlandyrýar.
Sport çäreleriniň çäklerinde ylgamak boýunça we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirmek bilen birlikde atçylyk sportyna uly üns berilýär. At münmegiň adam saglygyna ýetirýän täsiri baradaky maglumatlara gadymy döwürlerdäki ýazgylarda hem duş gelmek bolýar. Meşhur lukman Antila at münmegiň tutuş bedeni güýçlendirýändigi baradaky pikiri öňe sürüpdir. Selsiý bolsa aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini at münmek arkaly bejermegi maslahat beripdir.
Häzirki wagtda lukmanlar aty eýerläp münmegiň adamyň iýmit siňdiriş, gan aýlanyş, nerw, dem alyş, endokrin ulgamlaryna oňyn täsir edýändigini anykladylar. Şeýle-de, alymlar at münmegiň emosional sarsgynlardan aýňalmaga oňat täsir edýändigini tassyklaýarlar.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Arkadag şäherindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy hem ýurdumyzda atçylyk sportyna uly üns berilýändigini äşgär edýär.
Sporty ösdürmek babatynda möhüm ähmiýetli çäreleriň yzygiderli ýola goýulmagy, hoşniýetli we ynsanperwer Diýarymyzda ynsan saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny tassyklaýar. Şeýlelikde, ýurt Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda mähriban ülkämizde saglyk ulgamy boýunça amala aşyrylýan işleriň sanasaň sogaby bar.
Elbetde, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreler hem agzybir türkmen jemgyýetiniň ruhuny belende göterer.
Sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek babatynda halkara derejesinde nusgalyk işleri yzygiderli amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyz üçin edýän beýik işlerinde uly üstünlikler, berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw edýäris.
Ogulmaral Rejepowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.