TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

GURBAN BAÝRAMY – SAHAWAT BAÝRAMY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda parahatçylyk, ynsanperwerlik we dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrýan däp-dessurlarymyza Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly sarpa goýulýar.

Belent ahlak ýörelgeleriniň pugtalanmagyna ýardam edýän Gurban baýramy hem agzybir türkmen halkynyň gadymy baýramlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň pederlerimiziň ynsanperwer ýörelgelerini hormatlamak we ony geljek nesillere ýetirmek ýaly asylly maksatlary, milli mirasymyza we medeniýetimize goýýan belent sarpasy halkymyzyň ruhuny belende göterýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda joşgunly dabaralara beslenip geçirilýän, rysgal-berekediň, ynsanperwerligiň ajaýyp alamatlaryny özünde jemleýän Gurban baýramy ata Watanymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýäde dabaralanýandygynyň subutnamasyna öwrülýär. Milli baýramlarymyzyň dabaraly bellenilip geçilmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Her ýyl Gurban baýramynyň öň ýanynda ildeşlerimiziň ýüzlerçesi mukaddes Käbä gidip, haj parzyny berjaý edýär. Bu bolsa halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, ruhy gymmatlyklaryna goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

Taryhymyz, medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz bilen utgaşýan Gurban baýramynyň dabaraly çäreleri agzybirligimizi, jebisligimizi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň binýadyny has-da pugtalandyrýar. Hoşniýetli ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi watansöýüjiligiň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge şert, şöhratly geçmişimize, bagtyýar günlerimize, belent sepgitleri nazarlaýan geljegimize çäksiz ynam döredýär.

Gurban baýramy türkmen halkynyň asyrlar boýy kämilleşdirip we nesilden-nesle geçirip gelen medeni-ruhy mirasyny, ahlak ýörelgelerini, ynsanperwerlik we dost-doganlyk hakyndaky garaýyşlaryny, däp-dessurlaryny özünde jemleýän ajaýyp baýramdyr.

Bu baýramçylyk günlerinde her kim ýakymly pursatlary başdan geçirýär. Halkymyzyň gadymyýetden miras galan ruhy we medeni ýörelgeleri abadançylygyň we rowaçlygyň möhüm kepili hökmünde täze mazmunda dabaralanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýörite Permany esasynda, ýurdumyzda Gurban baýramy mynasybetli üç gün ata Watanymyzda iş günleri däl diýlip yglan edilýär. Gurban baýramyna bagyşlanyp, üç günüň dowamynda merjen paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýatlarymyzda, erkana Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda aýdym-sazly, joşgunly dabaralar geçirilýär. Merdana ata-babalarymyzdan gelýän we häzirki döwrüň ruhy bilen sazlaşýan asylly däbimize görä, her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylýar.

Başy belent hiňňildiklerde uçýan toý lybasly, bagtyýar ýaş-juwanlaryň şatlygy zamananyň görküni has-da baýlaşdyrýar. Türkmen halky bu eşretli, owadan günleriň gujagynda sahawat hem-de bereket toýuny – Gurban baýramyny uly ruhubelentlikde belleýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşleriň täze belentliklerine göterilmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda tutumly işleri alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun! Ynsanperwerlik we päk ahlaklylyk ýörelgesini dünýä ýaýýan Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty, at-abraýy dowamat-dowam bolsun!

 

Ýazmyrat Baýramdurdyýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Lebap welaýaty boýunça iş ýöredijisi.