TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLAR WE ZENANLARYŇ SYÝASY IŞJEŇLIGINIŇ ÖSÜŞI

Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mynasyp derejede dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň parasatly tagallalary esasynda demokratik döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik işlerine zenanlaryň deň şertlerde gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklarynyň bardygy kesgitlenilendir.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda 2022-nji ýylyň 17-nji dekabrynda geçirilen uçdantutma ilat ýazuwynyň netijelerine görä, ýurdumyzyň ilatynyň 7 million 57 müň 841 adama deň bolandygy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi. Şeýle-de, ilatymyzyň takmynan 50 göterime golaýy erkeklerdir we 50 göterimden gowragy bolsa zenanlardyr.

Elbetde, ýurdumyzda zenanlaryň gender deňliginiň üpjün edilýändigini Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň çäklerinde zenanlar babatynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar hem äşgär edýär.

Zenanlaryň deňligi dünýewi döwletimizde demokratik şertlerde amala aşyrylýan saýlaw çärelerinde hem özüniň mynasyp beýanyny tapyp, olaryň syýasy işjeňligi barha ösüşe eýe bolýar. Degişli maglumatlara ser salanymyzda, milli synçylaryň arasynda, saýlaw toparlarynda, wekilçilikli edaralarda zenanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan ösüşe eýe bolýandygy görünýär.

Muňa mysal edip aýdanymyzda, ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik şertlerde geçirilmegini guraýan saýlaw toparlarynyň ulgamynda 3395 sany topar bolup, agzalarynyň jemi sany 24 müňe golaýdyr we şolardan 42 göterimden gowragy zenanlardyr.

Saýlaw işlerinde zenanlaryň syýasy işjeňliginiň ösüşi baradaky  ýene-de bir esasy mysal, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen saýlawlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň jemi 7222-si saýlanyldy, şolardan 2031-si, 28,12 göterimi zenanlar boldy.

Şeýle-de, saýlaw işleriniň aýanlyk şertlerini üpjün etmegiň çäklerinde, saýlawlaryň kanunçylyklarymyza laýyklykda geçirilişine syn edýän milli synçylaryň arasyndaky zenanlaryň sanynyň hem barha ýokary görkezijilere deň bolýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek.

Has takygy, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda milli synçylaryň jemi sany 2855-e, şol sanda zenanlar 1441-e, 50,47 göterime deň boldy.

Şeýlelik bilen, zenanlaryň saýlaw çärelerine gatnaşmaklary barha ýokary görkezijilere eýe bolup, saýlaw toparlarynyň agzalarynyň arasynda 42 göterimden, milli synçylaryň arasynda 50 göterimden geçdi, wekilçilikli edaralara saýlanylanlaryň arasynda bolsa 30 göterime golaýlap barýar. Bu görkezijiler halkara resminamalarynda bellenilen talaplara laýyk gelýär.

Aslyýetinde, saýlaw işlerinde zenanlaryň deňhukuklylyk kadalarynyň talabalaýyk berjaý edilmegi üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzda ileri tutulýan esasy demokratik ýörelgeleriň biridir.

Watansöýüji türkmen zenanlarynyň abraý-mertebesini halkara derejesinde belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

 

Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.