TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMEN JEMGYÝETINIŇ BERK BINÝATLY HUKUK MEDENIÝETI

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, demokratik başlangyçlaryny dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de kanunlary bilen kepillendirilýär. Türkmen jemgyýetiniň berk binýatly kämil hukuk medeniýeti halkara derejesinde dabaralanýar.

Jemgyýetde her bir raýatyň öz hukuklaryna we kanunyň öňündäki borçlaryna doly hem-de dogry düşünmegini gazanmak, hukuk medeniýetini ösdürmek ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda, ýurdumyzda guramaçylykly geçirilýän demokratik saýlawlaryň hem uly ähmiýeti bardyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň «Saýlaw ulgamy, sala salşyk» diýip atlandyrylan bäşinji bölüminde we on sany maddasynda saýlaw hukugynyň esaslary beýan edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 119-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ählumumy we deň saýlaw hukugynyň esasynda geçirilýär. Elbetde, saýlawlary aýanlykda, bäsleşik esasynda we ýokary derejede guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipelerdir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saýlawlar halkara kadalaryna laýyklykda we guramaçylykly geçirilýär hem-de onuň hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň kabul edilmegi «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, saýlaw ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly, saýlaw işlerine sanly ulgamy döwrebap derejede ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrar. Şeýle-de, bu Kanun türkmen jemgyýetiniň berk binýatly hukuk medeniýetiniň döwrebap derejede ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Kanunyň esasy wezipeleri saýlawçylar baradaky şahsy maglumatlaryň hasaba alynmagyny guramakdan we ony ýöretmekden, ýurdumyzda geçirilýän ähli saýlawlarda hem-de ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmek üçin saýlawçylaryň sanawyny düzmekden ybarat bolup durýar. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we saýlaw kanunçylygy raýatlara öz ýurdunyň döwlet häkimiýet edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga mümkinçilikleri üpjün edýär, ählumumy, deň, göni we gizlin saýlaw hukugyny kepillendirýär. Aýanlyk şertlerinde göni saýlawlaryň geçirilmegi, Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga hukugynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilmegi saýlaw ulgamynyň hukuk binýadynyň berkdigine şaýatlyk edýär.

Saýlawlaryň aç-açanlyk, aýdyňlyk ýagdaýda geçirilmegi her bir ynsana mukaddes raýatlyk borjuny ýerine ýetirip, mynasypdan, mynasyp dalaşgäri saýlamaga mümkinçilik berýär. Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrjak ýaşlaryň saýlawlara gatnaşmagy, olaryň arasynda ilkinji gezek ses berjekleriň bolmagy netijesinde ýaşlaryň syýasy we hukuk düşünjeliliginiň hem-de medeniýetiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik döreýändigini tejribe görkezýär. Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilmegi bu ugurda ýurdumyzda dünýä nusgalyk işleriň hukuk binýadynyň döredilendigini anyk görkezýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik binýadynyň, milli däplere daýanýan hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň barha kämilleşýändiginiň aýdyň ýüze çykmasydyr. Ýurdumyzda geçirilýän dürli derejeli saýlawlaryň demokratik ýörelgelere esaslanýandygynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi-de munuň şeýledigini äşgär edýär.

Türkmen halkyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli, ynsanperwer başlangyçlaryny parasatlylyk bilen dowamata besleýän, halkyny demokratik ýol bilen bagtly geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Allanur Gökjäýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.