TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ZENANLAR — JEMGYÝETIMIZIŇ DEŇ HUKUKLY AGZASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän besleýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, demokratik döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik işlerine zenanlaryň deň şertlerde işjeň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, biziň ýurdumyzda erkekler we aýallar deň hukuklara we azatlyklara, olaryň durmuşa geçirilmegi üçin deň mümkinçiliklere eýedirler. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwletiň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda zenanlardyr erkekleriň öz raýatlyk işjeňligini ösdürmäge bolan hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär.

Aslynda gender deňliginiň üpjün edilmegi hukuk jemgyýetiniň ösen derejesini alamatlandyrýan esasy görkezijileriň biri bolup, ol deňhukuklylyk ýörelgesine daýanýan raýat jemgyýetini gurmaga çalyşýan ýurtlara häsiýetlidir. Baş maksady jynsy alamaty boýunça kemsitmeleri aradan aýyrmakdan, deň hukukly jemgyýeti kemala getirmekden ybarat bolan bu syýasaty durmuşa geçirmek, bir tarapdan, diňe ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlara başardýan bolsa, beýleki tarapdan, ol durmuş ulgamyny nazarlaýan ösüşi ileri tutýan döwletlere mahsusdyr.

Bu iki aýratynlygyň biziň ýurdumyza-da häsiýetli bolmagy has-da guwandyryjydyr. Halkara bilermenleriň berýän bahalaryna görä, gender jemgyýetçilik ösüşinde bolup geçýän durmuş hadysalarynyň sebäplerine düşünmegiň netijeli guraly hökmünde häsiýetlendirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Ýer ýüzüniň ilatynyň deň ýarysyny düzýän zenanlardyr gyzlaryň umumy adam maýasyndaky paýy hem 50 göterime barabardyr. Gender deňligi – bu erkekleriň we aýallaryň durmuşda deň hukuklara, mümkinçiliklere we jogapkärçilige eýe bolmagydyr.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde, zenanlar jemgyýeti pugtalandyrmakda egsilmez güýje öwrüldi. Gender deňligi aýal-gyzlaryň hem-de erkek adamlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle-de jemgyýetdäki borçlarynyň deň goýulmagyny, olara deň garalmagyny we deň derejede berjaý edilmegini mizemez kada hökmünde öňe çykarýar. Gender deňliginiň gazanylmagynda möhüm orun maşgala degişli edilýär, çünki ol jemgyýetiň esasy tebigy bölümi bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we olaryň ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülendiginiň nobatdaky beýanydyr. Türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň, şol sanda özboluşly görelde mekdebini döreden Ogulabat ejäniň elinden çykan milli gymmatlyklar häzirki döwürde dünýäde giňden meşhurdyr.

Mundan başga-da, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň demokratik şertlerde geçirilmegini guraýan saýlaw toparlarynyň ulgamynda 3395 sany topar bolup, agzalarynyň jemi sany 24 müňe golaýdyr we şolardan 42 göterimden gowragy zenanlardyr.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň 17-nji dekabrynda geçirilen uçdantutma ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça, ýurdumyzyň ilatynyň 7 million 57 müň 841 adama deň bolandygy we şolaryň 50 göterimden gowragynyň zenanlardygy baradaky habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Elbetde, ýurdumyzda zenanlaryň gender deňliginiň üpjün edilýändigini Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň çäklerinde zenanlar babatynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar hem äşgär edýär. Öz işiniň çäklerinde BMG-niň Ilat ulgamyndaky Gaznasy (UNFPA) Türkmenistana bilermenlik we tehniki goldawy arkaly gender deňliginiň ileriledilmegine, şol sanda seminarlaryň, iş mejlisleriniň guralmagy bilen ýardam berýär, şeýle-de milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi boýunça bu ulgamdaky halkara tejribesiniň öwrenilmegi boýunça tanyşdyryjy saparlary hem guraýar. Muňa mysal edip, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda   2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň gender deňligi boýunça milli hereket meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilen iş maslahatyny hem bellemek bolar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem çykyş etdi. Onuň il-ýurt bähbitli alyp barýan ynsanperwer işleriniň ähmiýeti uludyr. Oguljahan Atabaýewa çykyşynda Türkmenistanda zenanlaryň ähli ulgamlarda, şol sanda ylymda, bilimde, medeniýetde we hususy pudakda zähmet çekýändiklerini, şeýle hem döwlet häkimiýet edaralarynda ýolbaşçy wezipelerde işleýändiklerini belledi.

Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere işjeň gatnaşýan gelin-gyzlaryň müňlerçesini özünde jemleýän Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleri ilerletmekde mynasyp goşant goşýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň 125 deputatynyň 31-siniň, ýagny deputatlaryň umumy sanynyň 25 göterimine golaýynyň zenanlar bolmagy, şeýle-de, ýurdumyzda Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň iki orunbasarynyň, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliniň, daşary işler ministriniň bir orunbasarynyň, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky milli toparyň jogapkär sekretarynyň zenan bolmagy diýarymyzda bu ugurda alnyp barylýan oňyn işleriň netijelidigini äşgär edýär .

Ýurdumyzda adam hukuklarynyň doly derejede berjaý edilmegini ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, döwlet, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun!

 

Aýna Saryýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň arhiwçisi.