Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän abraýly orny barha berkeýär. Asuda, parahatçylykly Watanymyzyň her bir ýyly uly üstünliklere, belent sepgitlere we şanly senelere beslenip, täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Elbetde, demokratik ýurdumyzda uly ruhubelentlikde bellenilýän şanly seneleriň biri hem Halkara Bitaraplyk günüdir.
Parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň resmi senenamasyna girizilen Halkara Bitaraplyk güni ýetip geldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýiniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşmagy ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Şanly senäni alamatlandyrýan bu ýylda Türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilýän ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi hoşniýetli däplere esaslanýan daşary syýasatymyzy, şanly senäniň ähmiýetini has-da dabaralandyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza güýç-kuwwat berýär» diýen sözlerinde milli buýsanjymyza öwrülen gymmatlygyň umumadamzat ähmiýeti şöhlelenýär.
Bitaraplyk türkmen halkynyň ata-baba ýol-ýörelgesi bolup, asyrlar bäri dowam edip gelýän bu taglymat halkymyzyň aňynda müdimilik orun tutandyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasynda: «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir» diýlip bellenildi. Dünýä tejribelerine ser salanymyzda, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwlet bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde eden taryhy çykyşynda berkarar döwletimiziň Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýä diplomatiýasynyň strategik ugry hökmünde kesgitlemek bilen, onuň dünýäde parahatçylygy we adamzadyň abadan durmuşyny üpjün etmekdäki ähmiýetine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek hakyndaky başlangyjy teklip etmegi hem şu aýdyň hakykatdan ugur alýar.
Şu günler, türkmen halky kalbynda bagtly we röwşen geljegimize bolan beýik ynam, ýüzlerinde nur, çäksiz ruhubelentlik bilen Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Döwletimiziň at-abraýyny halkara derejesinde has-da belende göteren hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň parahatçylyga, demokratik kadalara esaslanýan hoşniýetli ynsanperwerlik ýörelgeleriniň asyrlardan asyrlara aşan dowamaty bolup, Garaşsyzlyk ýyllarynyň syýasy durnuklylygynyň ajaýyp miwesidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini wagyz etmek, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly işleri alyp barýar.
Berkarar döwletimiz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarda bitaraplyk, deň hukuklylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly, pederlerimizden miras galan kadalara eýerip gelýär. Geçen taryhy döwür Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we netijeli işlemegi hem ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýän buýsandyryjy hakykatdyr.
Hemişelik Bitaraplygyň çuňňur many-mazmuny bardyr. Bitaraplyk asudalyk we ýurduň ykdysady, syýasy taýdan has-da ösmegi, dünýäde halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi, hoşniýetli gatnaşyklaryň barha ynamly ýola goýulmagydyr. Geçen taryhy döwür ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogrudygyny, onuň türkmen halkynyň hakyky bähbitlerine, döwletimiziň syýasy, ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin wezipelerine we meýilnamalaryna, deňhukukly, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň tassyklady. Indi Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň geografiýasy barha giňäp, oňa täze ýurtlar we sebitler işjeň goşulyşýar. Umuman, Bitaraplygyň türkmen nusgasy öz manysy boýunça ynanyşmak we hyzmatdaşlyk medeniýetiniň halkara derejesinde berkidilmegidir. Ol parahatçylykda ýaşamak, goşulyşmazlyk, birek-birege özara hormat goýmak ýaly dünýä bähbitli ýörelgeleri özünde jemleýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy giňden tutular. Bagtyýar, agzybir halkymyz bu senäni hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, her ýylda uly ruhubelentlikde toýlaýar. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli halkara forumy, giň gerimli medeni çäreleridir dabaralary geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär. Bu babatda merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp keşbi hem täze özgerişliklere eýe bolýar. Şanly senäniň bellenilýän günlerinde bütin dünýäniň nazary türkmen topragynda, berkarar döwletimiziň üstünliklerinde jemlener. Bu buýsançly hakykat bolsa türkmeniň asylly döwletlilik ýörelgesini halkara derejesinde has-da dabaralandyrar.
Türkmen halkyny ýagty geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.