TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

YGTYÝARLYKLARYŇ MÖHLETLERI

Saýlawlaryň demokratik şertlerde guramaçylykly geçirilmegini üpjün edýän saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, beýleki saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň, şeýle hem döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlanylanlaryň ygtyýarlyk möhletleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär. Ýurdumyzyň degişli kanunçylyklary kesgitlenilen möhletiň dowamynda we bellenilen tertipde olara öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaklaryny kepillendirýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlaw işlerine gatnaşyjylar bolan saýlaw toparlarynyň agzalary, synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, dalaşgärleriň ynanylan adamlary öz işlerini ygtyýarlyk möhletiniň çäklerinde amala aşyrýarlar.

Synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ygtyýarlyklary bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar. Ynanylan adamlaryň ygtyýarlyklary saýlawlaryň jemi jemlenilenden soň tamamlanýar.

Ýurdumyzda hemişelik hereket edýän alty derejeli, ýagny Merkezi, welaýat, etrap, şäher, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik we uçastok saýlaw toparlarynyň hemmesiniň ygtyýarlyk möhleti 5 ýyldyr. Ygtyýarlyk möhletiniň dolmagy bilen baglylykda, olar her bäş ýyldan täzeden döredilýär. Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilýär. Ýerli saýlaw toparlarynyň hemmesiniň ygtyýarlyk möhletleri degişli saýlaw toparynyň mejlisinde kabul eden karary bilen tassyklanylýar.

Ýöne, dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda döredilen saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhleti Türkmenistan boýunça ozal döredilen degişli saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletine çenlidir.

Mysal üçin, Türkmenistan boýunça etrap, şäher saýlaw toparlary ozal 2021-nji ýylyň iýul aýynda 5 ýyllyk ygtyýarlyk möhleti bilen döredildi, şeýle-de, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag, Lebap welaýatynyň Farap, Döwletli, Garabekewül we Mary welaýatynyň Oguzhan etraplarynyň etrap saýlaw toparlary 2025-nji ýylyň noýabr aýynda döredildi.

Indi, 5 ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň dolýandygy sebäpli, ozal 2021-nji ýylyň iýul aýynda döredilen etrap, şäher saýlaw toparlarynyň hemmesi 2026-njy ýylyň iýul aýynda Türkmenistan boýunça täzeden dörediler. Şolar bilen birlikde, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda 2025-nji ýylyň noýabr aýynda döredilen 7 etrabyň etrap saýlaw toparlary hem 2026-njy ýylyň iýul aýynda täzeden dörediler.

Türkmenistanyň degişli kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti 7 ýyllyk, Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalary 5 ýyllyk ygtyýarlyk möhleti bilen saýlanylýarlar.

Türkmenistanyň saýlanylan Prezidentiniň wezipä girişmeginiň tertibi «Türkmenistanyň Prezidenti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär. Mejlisiň saýlanylan deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň saýlanylan agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakyndaky meselä degişlilikde Mejlisiň maslahatynda, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň mejlisinde seredilýär.

Ýöne, dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda geçirilen saýlawlar boýunça saýlanylan agzalaryň ygtyýarlyk möhleti indiki çagyrylyşyň ählumumy saýlawlaryna çenlidir. Bu kada käbir döwletleriň saýlawlar hakyndaky kanunçylyklarynda hem kesgitlenilendir.

Türkmenistanyň kanunçylyklarynda kesgitlenilen halatlarda, saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, beýleki saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň hem-de döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlanylanlaryň ygtyýarlyklary möhletinden öň ýatyrylyp bilner.

 

Amangeldi Gandymow,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça  merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.