TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWÇYNYŇ SAÝLAW SALGYSY

Saýlawçylaryň sanawy saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin esasy resminamadyr we onda hasaba alnan saýlaw hukukly raýatlaryň şahsy maglumatlarynyň takyk, anyk bolmagy talabalaýyk üpjün edilmelidir. Şunuň bilen birlikde, saýlawlarda şol bir saýlawçynyň iki ýerde, ýagny iki sany saýlaw uçastogy boýunça hasaba alynmagyna we ses bermegine ýol berilmeli däldir.

Saýlawçylaryň sanawyny düzmek bilen bagly düzgünler, kadalar 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň V bölüminde beýan edilýär.

Şeýle-de, 2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda düzgünleşdirilýär. Bu Kanunyň kabul edilmegi bilen «saýlawçynyň saýlaw salgysy» diýlen düşünje we onuň maksady kesgitlenildi. Indi, «saýlawçynyň saýlaw salgysy» diýlen düşünje barada durup geçeliň!

Saýlawçynyň saýlaw salgysy diýlip, saýlawçynyň hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň ýa-da wagtlaýyn bolýan ýeriniň salgysy baradaky maglumatlara aýdylýar. Başga bir söz bilen aýdanyňda, saýlawçynyň saýlaw salgysy üç görnüşde bolup bilýär, ýagny:

1) hemişelik ýaşaýan ýeri (pasportyndaky ýazga alnan salgysy);

2) köplenç ýaşaýan ýeri (pasportyndaky ýazga alnan salgysyndan başga bir ýerde (Türkmenistanyň çäginde ýa-da daşary ýurtda) ýaşaýan salgysy);

3) wagtlaýyn bolýan ýeri (Türkmenistanyň çäginde bellige alnan ýa-da daşary ýurtda wagtlaýyn bolýan salgysy).

Ýöne, wagtlaýyn bolýan ýeri, hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeri bolmadyk saýlawçy ýüze çykan halatynda, saýlawçynyň saýlaw salgysy onuň esasly ýüztutmasy boýunça Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny ýörediji bilen ylalaşylyp kesgitlenilýär.

Harby bölümiň salgysy harby bölümiň çäginde bolýan harby gullukçy saýlawçylaryň, şeýle hem harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň we beýleki saýlawçylaryň saýlaw salgysy diýlip hasap edilýär.

Administratiw jogapkärçilige çekilip, administratiw taýdan tussag etmek temmisi berlen ýa-da jenaýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda, tussag etmek görnüşinde ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan adamlaryň saklanylýan ýerlerindäki saýlawçynyň saýlaw salgysy bolsa, şol edaranyň salgysydyr. Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan saýlawçynyň saýlaw salgysy onuň ýaşaýan (wagtlaýyn bolýan) ýurdundaky poçta salgysydyr.

Saýlawçynyň saýlaw salgysynda şu maglumatlar görkezilýär:

1) ýaşaýan (wagtlaýyn bolýan) ýurdy;

2) Türkmenistanyň welaýaty, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäheri, etraby, etrap hukukly şäheri, etrapdaky şäheri, şäherçesi, geňeşligi, obasy we ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan daşary ýurdunyň dolandyryş-çäk birligi (ştat, welaýat, ýer we beýlekiler);

3) ýaşaýyş jaý toplumy (binalar toplumynyň belgisi we beýlekiler);

4) köçe (şaýol, geçelge);

5) jaýyň belgisi;

6) öýüň (otagyň) belgisi;

7) poçta indeksi;

8) ýaşaýan (wagtlaýyn bolýan) ýurdunyň düzgünleri boýunça, saýlawçynyň poçta salgysy;

9) saýlaw salgysyny kesgitleýän beýleki maglumatlar.

Eger-de, saýlawçy öz saýlaw salgysynyň üýtgedilmegi bilen baglylykda ýüz tutan halatynda, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny ýöredi topara täze saýlaw salgysy boýunça arzasyny berýär. Şunda arzanyň ýanyna saýlawçynyň saýlaw salgysynyň üýtgändigini tassyklaýan resminamalar we şol resminamalaryň nusgalary goşulmalydyr.

Esasan, saýlawlarda saýlawçylaryň köpüsi hemişelik ýaşaýan ýerine, ýagny hemişelik ýaşaýan saýlaw salgysyna degişli saýlaw uçastogy boýunça ses berýärler.

Ýöne, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny ýörediji topar we degişli uçastok saýlaw topary saýlawçynyň esasly ýüztutmasy boýunça onuň ses bermeli ýerini (saýlaw uçastogyny) – saýlaw salgysyny üýtgetmezden, wagtlaýyn, ýagny saýlawlaryň geçirilýän wagty başga bir saýlaw uçastogyna üýtgedip – geçirip biler.

Mysal üçin, öň hemişelik ýaşaýan ýerine degişli saýlaw uçastogy boýunça ses berýän saýlawçy, indi, köplenç ýaşaýan ýerine ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerine degişli saýlaw uçastogy boýunça ses bermek isleýän bolsa. Saýlawçy tarapyndan şeýle ýüztutma ses beriljek güne çenli azyndan otuz gün öňünden degişli saýlaw toparyna berilmelidir.

Ýöne, kanunçylyga laýyklykda, saýlawlarda saýlawçy bellenilip geçilen üç görnüşli saýlaw salgysynyň haýsy hem bolsa (diňe) biri boýunça hasaba alnyp we ses berip bilýär.

 

Amangeldi Gandymow,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.