TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

22 Awg

Ýaşlar syýasatynyň üstünligi

Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň  saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, asuda Türkmenistan döwletimizde ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna buýsançly hoş habaryň gelip gowuşmagy muňa aýdyň mysaldyr.

Ýagny, ÝUNESKO-nyň sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň (GYС) resmi agzasy bolandygy barada habar berdi. Bu kalbyňy joşdurýan, ruhuňy belende göterýän şatlykly waka barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. 

Elbetde, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkez bolup, ýaşlar bilen bilelikde taslamalary amala aşyrmakda özara gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen döredilendir.

Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar bilen işleşmäge, ýaşlary guramalaryň işine çekmäge, ÝUNSEKO-nyň içindäki taslamalary bilelikde öwrenmäge we durmuşa geçirmäge gönükdirilen guramadyr.

Türkmenistanly ýaşlaryň abraýynyň halkara ykrarnamasy bolan bu taryhy waka mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan – ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahat hem geçirildi.

Dogrudanam, Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna, milli medeniýetine, halkyň taryhy we medeni mirasyna hormat goýýan, döwrebap we dünýä derejesindäki ylymly-bilimli, giň düşünjeli, watançy we başarnykly ýaş nesliň kemala gelendigini buýsanç bilen bellemek gerek.

Mukaddes ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny täze mertebä göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary.

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...