TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

29 Okt

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2024-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Kanun çykaryjy palatasy bolan Oliý Mejlisiniň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler. Şeýle-de, olar Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Z.M.Nizamhojaýewiň halkara we daşary ýurtly synçylar üçin geçiren brifingine hem gatnaşdylar.

Saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek işlerini Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary we beýleki degişli saýlaw toparlary amala aşyrdylar.

Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň saýlawlary boýunça ses bermegi geçirmek üçin ýurt boýunça saýlaw uçastoklarynyň 11085-si (şol sanda 57-si daşary ýurtlarda) döredildi. Ýeri gelende aýtsak, şu gezekki geçirilen saýlawlarda käbir saýlaw uçastoklarynda  ilkinji gezek elektron görnüşde ses bermegi synag edildi. Saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda ses bermek sagat 08:00-dan 20:00-a çenli geçirildi we umumy hasaba alnan saýlawçylardan 74,72 göterimi ses bermäge gatnaşdy.

Özbegistan Respublikasynyň saýlaw kanunçylygyna görä, bu geçirilen saýlawlar ilkinji gezek garyşyk, ýagny mažoritar we proporsional saýlaw ulgamy esasynda geçirildi. Oliý mejlisiniň 150 deputatynyň 75-si mažoritar saýlaw ulgamynyň bir mandatly we beýleki 75-si proporsional saýlaw ulgamynyň köp mandatly saýlaw okrugy boýunça saýlandy.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Z.M.Nizamhojaýew bilen duşuşdylar. Şeýle hem şol gün wekillerimiz ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.N.Lebedewiň ýolbaşçylygynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň geňeşine-de gatnaşdylar.

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...

21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...

22 Iýul
Saýlaw ulgamynyň işi kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...

18 Iýul
Türkmen azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...

18 Iýun
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...

12 Iýun
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...