TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

13 Mart

Ýazky bag ekmek möwsümi

Biziň ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek  indi özboluşly däbe öwrülip gitdi. Bahar paslynyň  gelmegi bilen obadyr kentlerimizde her bir ynsan dürli bag nahallaryny  ekmek bilen meşgullanýar. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza hem-de welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda ýakynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherinde hem-de welaýatlarda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, umumymilli baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi hem-de ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýan önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere seredip, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününe hem-de köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşine aýratyn üns berdi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzda hem-de onuň töwereklerinde bag  ekmek dabarasyny guramak bilen baglanyşykly degişli tabşyryklary berip, jemagat gulluklarynyň sazlaşykly işlemeginiň, şäher hojalygyny dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy sanly tehnologiýalary anyk ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Tebigatyň bezegi saýylýan baglary köp oturtmak meselesine aýratyn ähmiýet berilýän Türkmenistanda bu ýyl miweli baglaryň nahallaryny has  köp  ekmek göz  öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde ýurduň paýtagtynyň, welaýatdyr etrap merkezleriniň daş-töwereklerinde emele gelen emeli tokaýlara  hyzmat etmek işi kämilleşdirilýär. Bu tokaý zolaklaryndaky baglaryň özboluşly faunasy we florasy emele geldi. Bu gün  olary hünärmenlerdir alymlar bilen bilelikde ylmy taýdan öwrenmegiň pursady gelip ýetdi. Şeýle  hem bu tokaý zolaklaryny  damjalaýyn usul bilen suwarmakda Türkmenistanda oýlanyşykly işler ýola  goýulýar. Ýurduň dürli ministrlikleridir pudak edaralaryna bölünip berlen ýerlerde ýetişdirilen tokaý zolaklaryny görmäge göz gerek!

Tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri bilen bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmäge taýýarlykly gelen ildeşlerimize üstünlik arzuw edýäris.

06 Apr
Bütindünýä saglyk güni

Asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda hem Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Ýurdumyzda köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňl...

20 Mart
Ynsanperwerligiň, gözelligiň baýramy

Pederlerimizden miras galan Milli bahar baýramymyz, Nowruz diňe bir bahar baýramy bolmak bilen çäklenmän, eýsem gözelligiň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly hazynasy, gözel ýaşaýyşyň ýaraşygy,...

13 Mart
Ýazky bag ekmek möwsümi

Biziň ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek  indi özboluşly däbe öwrülip gitdi. Bahar paslynyň  gelmegi bilen obadyr kentlerimizde her bir ynsan dürli bag nahallaryny  ekmek bile...

04 Mart
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Oliniň Majlisi namaýandagonyň (parla...

24 Few
Hoş habar

2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirende, ýurdumyza...

12 Few
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň nobatdan d...

21 Ýan
2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Munuň diňe biziň ýurdumyzyň halky üçin däl-de, eýsem  tutuş  dünýäniň halklary üçin hem özboluşly, simw...

26 Dek
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Merkezi saýlaw toparynda

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüji başlangyçlary, nesihatlary we tabşyryklary esasynda, saýlawlary geçirmegiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny, saýlaw toparlarynyň...