TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

18 Iýun

«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitine gatnaşdy.

Ýeri gelende aýtsak, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky birinji sammit 2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilipdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär.

Gazagystan Respublikasynyň Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz we HHRiň Başlygy mähirli salamlaşyp, «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Si Szinpin Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belläp, şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine iberen mähirli salamyny ýetirdi we ýokary derejedäki şeýle duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda hemişe möhüm we ähmiýetli wakadygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda söwda ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça hem pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki dostlukly döwletiň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz sammitiň geçirilýän ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra, wekiliýet Baştutanlary köşgüň mejlisler zalyna «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň geçirilýän ýerine bardylar.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow, Sadyr Žaparow, Emomali Rahmon, Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy. Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandyklary üçin döwletleriň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki duşuşygyň Sian şäherinde geçirilen sammitde beýan edilen wajyp pikirleri we teklipleri, onuň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde eden çuň manyly çykyşynda: «Köpasyrlyk beýik medeniýet we hakyky ruhy-ahlak gymmatlyklary Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaýyň halklarynyň hyzmatdaşlygynyň, taryhy we häzirki ýakynlygynyň, özara düşünişmeginiň, birek-birege oňyn garaýyşlarynyň mizemez esasyny düzýär. Ýurtlarymyzyň her birinde bilelikdäki medeniýet we sungat festiwallaryny yzygiderli esasda guramak mümkinçiligine seretmegi, şundan ugur alyp, «Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy» atly medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýäris. Döwlet Baştutanlarynyň makullan ýagdaýynda, ugurdaş edaralara şeýle meýdançanyň usullaryny işläp taýýarlamak barada degişli tabşyryklary berip bolar» diýip belledi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga berk we üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň bu formatyň biziň halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň parahatçylygy, abadançylygy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyna berk ynanýandygyny tassyklady.

Şeýlelikde, şu gezekki ýokary derejede geçirilen duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny görkezdi. Sammitiň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa uzak möhletleýin esasda umumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...